P&G Global müşderi gizlinlik syýasaty
5/25/2018
Biziň bilen ynama esaslanýan gatnaşygy ýola goýmak we saklamak üçin jan
edýäris. Şol sebäpli, siziň maglumatyňyza çemeleşmek barada gürrüň gidende,
biz şol ynamyňyzy mynasyp ödeýän görnüşde örän seresaply we oýlanyşykly
hereket edýäris. Bu syýasat biziň şony nähili amala aşyrýandygymyzy, şol
sanda näme maglumat ýygnaýandygymyzy, ony nähili ulanýandygymyzy we
goraýandygymyzy, şeýle hem, bu barada näme karara gelip bilýändigiňizi
beýan edýär. Biziň maksadymyz siziň maglumatlaryňyzy öz mazmunymyzy,
önümlerimizi, mahabatlarymyzy we hyzmatlarymyzy gowulandyrmak üçin nähili
ulanýandygymyza göz ýetirmegiňize mümkinçilik döretmekdir.
Ynha, gizlinlik düzgünlerimiz barada gysgaça tanyşdyryş
Biz nämeleri ýygnaýarys
-
Bize berýän maglumatyňyz
-
Bize ýüz tutan, saýtlarymyza giren, mobil goýmalarymyzy ýa-da
hyzmatlarymyzy ulanan, önümlerimizi ýa-da enjamlarymyzy ulanan ýa-da
mahabatlarymyzy gören wagtyňyz ýygnaýan maglumatlarymyz
-
Maglumatlaryňyzy paýlaşmaga ýa-da satmaga sizden razylyk alan ýa-da
siziň maglumatlaryňyzy alan başga kompaniýalaryndan ony özleri bilen,
şeýle hem, öz gezeginde, biziň we/ýa-da başga kompaniýalar bilen
paýlaşyp biljekdikleri barada anyklan başga kompaniýalardan alýan
maglumatymyz
-
Başga kompaniýalaryň websaýtlaryna giren wagtyňyz, şol kompaniýalardan
alýan maglumatymyz
Biziň has gowy önümleri, hyzmatlary we müşderi tejribelerini döretmäge
kömegi deger ýaly, şol maglumatlaryň islendigini we ählisini
birleşdirmegimiz mümkin.
Maglumatyňyzy nähili ulanýarys
-
Size öz soraýan önümdir hyzmatlaryňyzy ibermek
-
Siz öz önümdir hyzmatlarymyz we öz marketing hyzmatdaşlarymyzyň önümdir
hyzmatlary barada maglumat bermek
-
Bize öz saýtlarymyzy we hyzmatlarymyzy işletmäge kömek etmek
Maglumatyňyzy nähili we haçan paýlaşýarys
-
Sizden razylyk alan wagtymyz, öz seresaplyk bilen saýlap alan
hyzmatdaşlarymyz bilen paýlaşýarys (olaryň önümdir hyzmatlary bilen
gyzyklanýan bolmagyňyz mümkindir öýden ýagdaýymyzda, olaryň size öz
önümdir hyzmatlary barada teklipleri, höweslendirmeleri ýa-da
mahabatlary iberip bilmegi üçin)
-
Bize öz biznesimizi ýöredişmekleri üçin başga kompaniýalarymyz bilen
hakyna tutýarys
-
Bir P&G brendiniň ýa-da biznesiniň başga kompaniýa satylmagynyň
çäginde
-
Biziň öz hukuklarymyzy ýa-da emlägimizi goramagymyza kömeginiň degmegi
üçin (mes. galplygyň öňüni almak ý-da maglumat howpsuzlygy)
-
Hukuk goraýjy ýa-da hökümet edaralary tarapyndan talap edilen halatynda
Saýlawlaryňyz
Aşakdaky baglary basmak bilen, öz maglumatyňyzy nähili ulanyp biljekdigimiz
barada bize görkezme berip bilersiňiz:
Eger ÝB-de ýaşaýan bolsaňyz, siziň şahsy maglumatlar boýunça, şol sanda
bizde siz barada nähili şahsy maglumat bardygyna girmäge, onda düzedişler
ýa-da täzelemeler etmäge, biz şol maglumatlary ýoklamak barada görkezme
bermäge ýa-da şol maglumatyň göçme nusgasyny almaga bolan belli bir
hukuklaryňyz bardyr. Şol hukuklar ähli ýagdaýlara degişli däldir. Şu
aşakdakylary ýerine ýetirmek üçin, baglary basyň:
Maglumatlaryňyzy nähili ýygnaýarys
Biz köp ýerlerden, köp görnüşlerde siz barada maglumaty ýygnaýarys.
Ýygnaýan käbir maglumatymyzda siziň kimdigiňizi anyklamakda ulanyp boljak
şahsy maglumat (mes. adyňyz, e-poçta salgyňyz, telefon belgiňiz ýa-da poçta
salgyňyz) bar bolmagy mümkindir. ÝB-däki ýaly käbir ýurtlarda, IP salgysy
ýa-da kuki we mobil enjam identifikatorlary ýaly zatlara hem şahsy maglumat
hökmünde garalmagy mümkindir.
Üns beriň
: Biziň siz barada ýygnaýan maglumatlymyzyň ählisini size has gowy
önümleri, hyzmatlary we ulanyjy tejribelerini bermek üçin
birleşdirmegimiz mümkindir.
Ony bize özüňiz berýärsiňiz.
Siz websaýtlarymyzda ýa-da mobil goýmalarda hasap açýan wagtyňyz ýa-da bize
jaň etmek ýa-da e-poçta ibermek arkaly, biz öz maglumatyňyzy berýärsiňiz.
Biziň sizden adyňyz, e-poçtaňyz ýa-da öý salgyňyz, doglan senäňiz, töleg
maglumatyňyz, ýaşyňyz, jynsyňyz, maşgala sanyňyz ýaly zatlary, şeýle hem,
siz öz önümdir hyzmatlarymyz barada maglumaty nähili usulda (mes. öý
salgyňyz, e-poçta salgyňyz ýa-da SMS arkaly) ugratmagymyzy isleýändigiňiz
hakynda soramagymyz mümkin.
Saýtlardan we e-poçtalardan.
Saýtlarymyza giren, mahabatlarymyzy gören ýa-da önümdir hyzmatlarymyzy
ulanan wagtyňyz awtomatik maglumat ýygnaýan tehnologiýalary ulanmagymyz
mümkindir. Meselem, biz ulanýan brauzeriňizi we operasion ulgamyňyz, IP
salgyňyzy, girýän web-sahypalaryňyzy, basýan baglaryňyzy ýa-da bizden gelen
bir e-poçtany açyp-açmandygyňyzy görkezýän kukileri (kompýuteriňiziň
brauzerinde durýan uşajyk faýl) ulanýarys.
Mobil goýmalardan we internete birigen enjamlardan.
Size iň ajaýyp ulanyjy tejribesini bermek üçin, mobil goýmalarymyzy ulanýan
wagtyňyz telefonyňyzdan ýa-da öýüňizdäki "akylly" enjamlardan maglumat
ýygnaýan tehnologiýalary ulanmagymyz mümkin. Siz goýmany göçürip alýan
ýa-da internete birigýän hojalyk enjamlaryny gurnaýan wagtyňyz, muňa
razylyk berýärsiňiz. Ol maglumat mobil telefonyňyzyň ýa-da başga enjamyň
mahabat ID-sini, telefonyňyzyň operasion ulgamy barada maglumaty, goýmany
ýa-da enjamy ulanyşyňyz, şeýle hem, fiziki ýerleşýän ýeriňiz barada
maglumaty öz içine alyp biler. Öz takyk geografik ýerleşýän ýeriňizi (takyk
duran ýeriňizi ýa-da internete girýän ýeriňizi) bilmegimizi kabul etmek
ýa-da ret etmek barada size opsiýa berýän bildiriş siziň telefonyňyza ýa-da
enjamyňyza geler.
Başga ýerlerden.
Başga kompaniýalaryň biziň bilen paýlaşýan ýa-da bize satýan maglumatyny
almagymyz mümkindir. Meselem, telekom hyzmatlaryna ýa-da bölek satuw
boýunça ýeňillik utuklary kompaniýasyna ýazylan wagtyňyz, başga
kompaniýanyň öz şahsy maglumatyňyzy biziň bilen paýlaşmagyna razylyk beren
bolmagyňyz mümkin. Biziň siziň hemmeleriň görüp biljekdigini bilýän
ýerleriňizden, mes. internetde onlaýn neşir edýän zatlaryňyzdan, blog
ýazgylaryňyzdan, wideolaryňyzdan ýa-da sosial media saýtlaryndan hem
maglumat ýygnamagymyz mümkindir. Biziň köpçülige elýeterli maglumat
binýatlaryndan ýa-da siziň öz maglumatyňyzy olaryň ulanmagy we soňrasynda
biziň ulanmagymyz üçin beren razylygyňyz esasynda alynýan siz barada
maglumatlary ýygnamak ýa-da birleşdirmek biznesini ýöredýän başga
kompaniýalardan hem maglumaty almagymyz mümkindir. Ol maglumat siziň
girdeji derejäňiz, ýaşyňyz, jynsyňyz, maşgala sanyňyz we internetden ýa-da
golaýyňyzdaky dükanlardan satyn alan önümleriňiz baradaky maglumat bolup
biler.
Maglumatyňyzy nähili ulanýarys
Biz siziň maglumatyňyzy dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan özüňiz ýaly
adamlaryň ýaşaýşyna galtaşmak we ony gowulandyrmak baradaky maksadymyza
ýetmegimize kömegi deger ýaly ulanýarys. Biz siziň maglumatyňyzy öz
soraglaryňyza ýa-da maglumat baradaky haýyşlaryňyza jogap bermek, size öz
soran önümleriňizi ýa-da nusgalyklaryňyzy ibermek, öz P&G saýt ýa-da
goýma ileri tutmalaryňyzy dolandyryşmak, siziň öz bäsleşikdir
deňme-deňliklerimize girmegiňize mümkinçilik bermek ýa-da bizden satyn
alýan önümleriňiziň tölegini işlemek üçin ulanýarys. Täze önümleri çykaryp
ýa-da eýýäm bar bolanlaryny gowulandyryp bilerimiz ýaly, müşderileriň näme
isleýändigi barada giňişleýin öwrenmek üçin, biziň şahsy-däl maglumatyňyzy
(mes. satyn alyş maglumaty, nusgalyk barada talaplar we ş.m.) (ýa-da şeýle
ideg-gözlege goşulmaga razylyk beren wagtyňyz, şahsy maglumatyňyzy) müşderi
ideg-gözleginde ýa-da analitikasynda hem ulanmagymyz mümkindir.
Maglumatlaryňyzy ulanýan ýene bir usulymyz, ol hem, bizden eşidýän
zatlaryňyzyň özbaşdak adam hökmünde size dahylly we peýdaly bolmagyny
gazanmakdyr. Meselem, siz Gillette.com saýtyna baryp, syryş önümlerimize
gyzyklanma bildiren bolsaňyz, size Gillette® önümleri barada maglumat
ibermegimiz mümkindir. Biz şonda siziň Gillette-den şol bir mahabatyny näçe
gezek görjekdigiňize çäk goýmak üçin, siziň maglumatyňyzy (kuki ID-si ýa-da
enjam ID-si) ulanarys. Biz söýüp ulanýan önümleriňiz barada size habar
ýetirmek isleýäris, ýöne size şol bir habaryň gaýta-gaýta gelip
durmazlygynyň alajyny edýäris.
Käbir şol bir umumy zatlary paýlaşýan ähli müşderileriň zerurlyklaryny
kanagatlandyrýan önümleri çykaryp we hyzmatlary hödürläp bilmek maksady
bilen, öz websaýtlarymyzyň nähili ulanylýandygyna has gowy düşünmek ýa-da
müşderi endiklerini öwrenmek üçin, hiç bir adamyň kimdigini anyklamazdan,
köp adamlardan alnyp, bir ýere birleşdirilýän maglumatlary hem ulanmagymyz
mümkindir. Meselem, täze ene-atalara öz isleýän önümdir hyzmatlary bilen
ähli ýerde has gowy hyzmat edip bilmegimiz üçin, biziň bäbek önümi
websaýtlarymyzdaky zatlary okaýan täze ene-atalar bolan müşderilerimiz
barada köp zatlary öwrenip bileris. Şol şahsy-däl maglumatyň şeýle
ulanylmagy siziň gizlinligiňizi gorap saklamaga kömek edýär. Biz mümkin
bolan islendik wagtda şahsy-däl maglumatlary hemişe şu sebäp bilen ulanmaga
synanyşarys.
Gizlinligiňizi has-da goramak üçin, biz eldäki tabşyrygy tamamlamak üçin iň
az möçberde maglumat ulanarys, kuki we enjam ID-leriniň siziň kimdigiňizi
(mes. adyňyzy) ýörite we gönümel anykladyp biljek görnüşde garyşmagynyň
öňüni almak üçin çäreleri göreris, şeýle hem, öz biznes maksatlarymyz üçin
gereksiz bolansoň maglumatyňyzy ýoklarys.
Biz maglumatyňyzy nähili gorap saklaýarys
Biz siziň şahsy maglumatyňyza sarpa goýýarys we ony ýitmekden, betniýetli
ulanylmakdan ýa-da üýtgedilmekden goramak üçin ädimleri ädýäris. Degişli
bolan ýerinde, bu ädimler gorag diwarlaryny, ara girmegi anyklaýyş we öňüni
alyş ulgamlaryny, özboluşly we çylşyrymly parollary, şeýle hem, şifrlemäni
öz içine alyp biler. Biz işgärleri maglumat işlemegiň borçlary barada
okatmak, maglumat hadysalaryny we töwekgelçiliklerini identifisirlemek,
işgärleriň siziň şahsy maglumatyňyza girmegini çäklendirmek, şeýle hem,
fiziki howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda ulanylmaýan wagty resminamalary
talabalaýyk gorap saklamak ýaly guramalaýyn we fiziki çäreleri hem
ulanýarys
Biz nämeleri paýlaşýarys
Başga kompaniýalar bilen.
Sizden razylyk alan wagtymyz, siziň maglumatyňyzy öz saýlama
hyzmatdaşlarymyz bilen paýlaşmagymyz mümkindir, şeýle olaryň önümdir
hyzmatlary bilen gyzyklanýan bolmagyňyz mümkindir öýden ýagdaýymyzda,
olaryň size öz önümdir hyzmatlary barada teklipleri, höweslendirmeleri
ýa-da mahabatlary iberip biler. Meselem, biziň Pampers® ýaly arlyk
brendlerimizden P&G e-poçtalaryny alýan adamlaryň başga kompaniýalar
tarapyndan öndürilýän bäbek iýmitleri barada habar almaga razylyk beren
bolmagy mümkindir. Biz siziň şahsy maglumatyňyzy P&G kompaniýasyndan
daşgyn marketingçilere satmaýarys. Siziň kimdigiňizi anyklatmaýan
maglumatlary başga kompaniýalar bilen islendik maksat üçin paýlaşmagymyz
mümkindir.
Hyzmat üpjün edijiler bilen.
Siziň maglumatyňyzy bize öz biznesimizi ýöretmäge kömekleşýän, şol sanda
saýtlarymyza hosting hyzmatyny berýän, e-poçtalarymyzy size eltýän,
ýygnaýan maglumatlarymyzy seljerýän, şeýle hem, soran önümdir
hyzmatlaryňyzy size iberýän kompaniýalar bilen paýlaşmaly bolmagymyz
mümkindir. Biz ol kompaniýalar bilen diňe olardan haýyş edýän
tabşyryklarymyzy tamamlamak bilmekleri üçin zerur bolan şahsy maglumaty
paýlaşýarys. Olaryň siziň maglumatyňyzy edil biziň goraýşymyz ýaly goramagy
talap edilýär, olar ony paýlaşmazlar ýa-da islendik başga bir maksat üçin
ulanmazlar.
Başga ýagdaýlar.
Eger şahsy maglumatyňyzy paýlaşan bir brendiňiz ýa-da biziň bizneslerimiziň
biri başga bir kompaniýa satylsa, maglumatyňyz şol kompaniýa bilen
paýlaşylar. Şonuň netijesinde, brende ýa-da täze kompaniýa ony ýoklamak
barada görkezme bermeseňiz, onda hasabyňyz we ondaky şahsy maglumatyňyz
ýoklanylmaz. Siziň şahsy maglumatyňyzy bize siziň hukuklaryňyzy we
emlägiňizi goramaga kömekleşýän kompaniýalar bilen ýa-da hukuk goraýjy
ýa-da hökümet edaralary tarapyndan talap edilende hem paýlaşmagymyz
mümkindir.
Hukuklaryňyz we saýlawlaryňyz
Marketing
Siz şu aragatnaşyklar bilen iberilýän "almagy ret ediş" görkezmelerini
berjaý etmek bilen, bize özüňize e-poçta we tekst habarlaryny ibermegimizi
bes etmek barada görkezme berip bilersiňiz. Siz
şu ýere basmak
bilen hem, marketing e-poçtalaryny, SMS-lerini ýa-da poçta ibermelerini
almagy bes etmegi saýlap hem bilersiňiz. Saýlawlaryňyza hormat goýmak bilen
bir hatarda, biziň şeý etmek üçin maglumat saklamaly bolmagymyz mümkindir.
Meselem, size marketing e-poçtalaryny ibermegi bes etmek barada bize
görkezme berseňiz, biziň ulgamlarymyzyň siziň öz e-poçta salgyňyza
marketing aragatnaşyklarynyň iberilmegini islemeýändigiňiz barada ýatda
saklamagy üçin, biz siziň şol e-poçta salgyňyzy özümizde saklamaly bolarys.
Hasaplar
Bellige alnan ýurduňyza baglylykda, P&G hasabyňyzyň maglumatyňyza
girmek, onda üýtgetmeler etmek ýa-da maglumatyňyzy ýoklamak mümkinçiligini
hödürlemegi mümkindir. Eger beýle däl bolsa, haýyş etmek üçin
şu ýere
basyp bilersiňiz.
Ýewropa Bileleşiginiň rezidentleri.
Eger ÝB-de ýaşaýan bolsaňyz, siz barada saklaýan şahsy maglumatymyza girip,
şeýle hem, takyk däl, könelen ýa-da indi gereksiz maglumatyň düzedilmegini,
pozulmagyny ýa-da çäklendirilmegini haýyş edip, we bizden maglumatyňyz
başga hyzmat üpjün edijä geçirip bilmäge mümkinçilik berýän formatda üpjün
etmegimizi sorap bilersiňiz. Şahsy maglumatyňyzy işlemek üçin razylygyňyza
baglaýan halatlarymyzda, öz razylygyňyzy islendik wagt yzyna alyp hem
bilersiňiz. Şahsy maglumatyňyz biziň kanunalaýyk bähbidimiz esasynda (ýagny
biziň maglumaty ulanmaga öz sebäbimiz bar bolanda) işlenilýän halatynda,
biziň ony işlemegimize garşy çykyp (ýagny ony ulanmagy bes etmegimizi
sorap) bilersiňiz. Umuman, maglumat goragy we öz şahsy maglumat boýunça
hukuklaryňyz barada goşmaça maglumat almak isleýän bolsaňyz, Ýewropanyň
maglumat goragy boýunça superwizorynyň websaýtyna (
https://edps.europa.eu/data-protection/
) baryň. Eger talaplaryňyza berýän jogaplarymyzdan nägile bolsaňyz, öz
ýurduňyzdaky maglumat goragy edarasyna şikaýat arzasy bilen ýüz tutup
bilersiňiz. Haýyş ibermek üçin, şu aşakdaky opsiýalardan saýlaň:
Umumy talaplar
. Meselem, içinde bir websaýtymyz ýa-da goýmamyz arkaly bellige alnan
wagtyňyz bize beren maglumatyňyz bar bolup, marketing üçin ulanylýan şahsy
maglumatyňyz barada talap ibermek üçin, bize
şu ýerden
ýüz tutuň.
Media mazamlama
. Meselem, içinde bizde kuki ýa-da enjam ID-si derejesinde siz hakynda
saklanylyp, size dahylly mahabatlary bermek üçin ulanylýan maglumat bar
bolan, mazamlama üçin ulanylýan şahsy maglumatyňyz barada talap ibermek
üçin, bize şu ýerden ýüz
tutuň. Biziň isleg-taraply (ýa-da mahabat gowşuryş) we mahabat-tassyklaýjy
hyzmatdaş platformalarymyzda-da kukiňiz ýa-da enjam ID-ňiz bilen
baglanyşykly maglumat bar bolup biler. Şol maglumat üçin,şu ýere we şu ýere
serediň.
Müşderi gözlegi
. Biziň bir gözleg işimize gatnaşmagyňyzyň çäginde bizde bar bolmagy mümkin
şahsy maglumatyňyz bilen baglanyşykly talap ibermek üçin, razylyk
formaňyzda görkezilýän kontakt maglumatyna serediň ýa-da öz degişli gözleg
merkeziňize jaň ediň ýa-da göni baryň.
Professional stomatologlar.
Eger professional stomatolog bolsaňyz we bir professional aň-bilim
kampaniýamyzyň çäginde, şol sanda https://www.dentalcare.com saýty
arkaly bize öz maglumatyňyzy beren bolsaňyz, bize şu aşakda görkezilýän
degişli ýurt belgileriniň we e-poçta salgylarynyň üsti bilen ýüz tutuň.
Kukiler
Kukiler internetde gezýän wagtyňyz kompýuteriňize iberilýän uşajyk
faýllardyr. Olarda öz girýän websaýtlaryňyz bilen nähili täsirleşýändigiňiz
barada peýdaly maglumat bolýar. Kukiler kompýuteriňizde, enjamyňyzda ýa-da
faýllaryňyzda duran hiç bir maglumaty ýygnamaýar. Kukilerde siziň
kimdigiňizi gönümel anykladyp biljek hiç hili maglumat bolmaýar. Kukiler
kompýuteriňizi we enjamyňyzy diňe çemgeldik bellenilen sanlar we harplar
(mes. kuki ID ABC12345) görnüşinde görkezýär we hiç haçan, meselem, Jon E.
Smit diýip görkezmeýär.
Biz kukileri aşakdaky ýaly birnäçe sebäpler üçin ulanýarys:
-
size dahylly mazamlama bilen üpjün etmek
-
siziň P&G mazmuny bilen nähili täsirleşýändigiňiz barada giňişleýin
öwrenmek
-
websaýtlarymyza gelen wagtyňyz başdan geçirýän tejribeleriňizi
gowulandyrmaga kömegi degmek
-
websaýta her gireniňizde laýyklap durmaly bolmazyňyz ýaly, dil ýa-da
sebit ýaly ileri tutmalaryňyzy ýatda saklamak
-
näsazlyklary anyklamak we çözmek
-
websaýtlarymyzyň öndürijilik görkezijilerini seljermek
Biz şu aşakdaky kuki görnüşlerini ulanýarys:
-
Seans kukileri.
Web-sahypalarda ýat bolmaýar. Saýtda eýýäm beren şol bir maglumatyňyzy
bermegiňiz soralyp durmaz ýaly, sahypadan sahypa geçdigiňizçe, seans
kukileri sizi ýatda saklaýar (ABC12345 ýaly çemgeldik döredilýän ID
ulanmak arkaly). Meselem, onlaýn söwda edilende seans kukileriniň biçak
kömegi degýär, şol bolmasa, söwda arabajygyňyza salýan harytlaryňyz
pulhana baryp ýetýänçäňiz ýitip giderdi! Saýtdan çykan ýa-da
brauzeriňizi ýapan badyňyza, ol kukiler ýoklanylýar.
-
Hemişelik kukiler.
Hemişelik kukiler ikilenç gelen wagtyňyz saýtlaryň ileri tutýan
zatlaryňyzy ýatdan bilmegine mümkinçilik berýär. Meselem, birinji gezek
gireniňizde saýty fransuz dilinde okamagy saýlasaňyz, ikilenç dolanyp
gelen wagtyňyz, saýt awtomatik fransuz dilinde görkezilýär. Ileri
tutýan diliňizi her gezek saýlamaly bolmazlyk siziň üçin örän oňaýly,
önjeýli we ulanyja ýaramly ýeňillikdir.
-
Mazamlama kukileri.
Ol kukiler arkaly, meselem, girýän websaýtlaryňyz we satyn alýan
önümleriňiz esasynda siziň umuman nämelere gyzyklanma duýýandygyňyzy
bilmek bolýar. Ol ýaşyňyz, maşgala ýagdaýyňyz we takmynan näçe çagaňyz
bardygy hakynda netije çykarmagymyza-da kömek edip bilýär. Ol maglumat
bize size öz halaýan ýa-da gerekleýän önümdir hyzmatlaryňyz barada
mahabatlary ibermegimize şert döredýär. Ol bize siziň şol bir mazamy
näçe gezek görjekdigiňize çäk goýmaga-da mümkinçilik döredýär.
-
Analitika kukileri.
Ol kukiler bize öz websaýtlarymyzyň nähili işleýändigini görkezýär. Köp
halatlarda, biz öz saýtlarymyzyň öndürijiligine gözegçilik etmek üçin
Google Analytics kukilerini ulanýarys. Saýtlarymyza girişleriňiz barada
Google Analytics tarapyndan ýygnalýan maglumaty ulanmak we paýlaşmak
mümkinçiligimiz
Google Analytics Ulanyş şertleri
we
Google Gizlinlik syýasaty
tarapyndan çäklendirilýär.
Kukileri nähili dolandyryp bilýärsiňiz.
Brauzeriňizi ähli kukileri ret etmäge ýa-da kompýuteriňize kuki iberilip
durka ony görkezmäge sazlap bilersiňiz. Emma, beýtmeklik saýtlarymyzyň
ýa-da hyzmatlarymyzyň gurat işlemegini bökdäp biler. Brauzeriňizi her gezek
internetde gezip bolanyňyzdan soň kukileri ýoklamaga-da sazlap bilersiňiz.
Başga tehnologiýalar.
-
Ýakynlyk-esasly maýaklar.
Maýaklar telefonyňyza gurnaýan mobil goýmalaryňyza örän gysga
aralyklardan ýeke-taraply signallary iberip, meselem, size bir dükanyň
duşundan geçip barýarkaňyz satuwda nähili önümleriň bardygyny habar
berýär. Maýaklar diňe ýeterlik golaýlaşyp, belli bir maýak bilen
baglanyşykly mobil goýmanyň içinden razylyk bereniňizden soňra, siziň
enjamyňyz bilen aragatnaşyk edýär. Öz gezeginde, mazamlama we
teklipleri size görä laýyklaşmak üçin, goýmalaryň bize ýerleşiş
maglumatyny bermegi mümkin. Meselem, supermarketiň ten idegi
bölümindäki maýaga golaýlaşan wagtyňyz, size 4$ arzanladyş kuponyny
ibermegimiz mümkin.
-
Pikseller.
Olary web-sahypa ornaşdyrylan ownujak obýektler bolup, göze
görünmeýärler. Olara "bellijekler", "web-tomzaklar" ýa-da "piksel
gifleri" hem diýilýär. Biz kompýuteriňize kukileri eltmek, öz websaýt
işjeňligimize gözegçilik etmek, saýtlarymyzda ulgama girmegi
ýeňilleşdirmek we onlaýn marketing işjeňligini amala aşyrmak üçin
piksellerden peýdalanýarys. Biz öz höweslendirme e-poçta habarlarymyzy
ýa-da täzelik hatlarymyzy açýaňyzmy we olaryň üstünde iş geçirýäňizmi
diýip kesgitlemek üçin, olara pikselleri hem goşýarys.
-
Mobil enjam identifikatorlary we SDK-lar.
Biz kukileriň internetde ýygnaýanlaryna meňzeş maglumatlary ýygnamak
üçin, öz mobil goýmalarymyzda programma üpjünçiligi koduny ulanýarys.
Ol mobil telefon identifikatorlaryňyz (iOS IDFA-lary we Android
mazamlama ID-leri) ýaly maglumat, şeýle hem, biziň goýmalarymyzy
ulanyşyňyz baradaky maglumat bolar. Edil kukilerde bolşy ýaly,
goýmalarymyzy ulanýan wagtyňyz awtomatik ýygnaýan maglumatymyz sizi hiç
haçan adam hökmünde anyklatmaz. Biz mobil enjamy diňe çemgeldik
bellenilen sanlar we harplar (mes. mazamlama ID EFG4567) görnüşinde
bilýäris we hiç haçan, meselem, Jon E. Smit diýen görnüşde bilmeýäris.
-
Takyk geografik ýerleşiş.
Mobil goýmalarymyzy ulanýan wagtyňyz global orunlama ulgamy (GPS)
koordinatalary (uzaklyk we giňişlik) ýaly zatlardan siziň takyk
ýerleşýän ýeriňiz barada maglumat almagymyz mümkindir. Dünýäniň
ýüzündäki takyk ýerleşýän ýeriňizi bilmegimizi kabul etmek ýa-da ret
etmek barada sizden soraýan bildiriş hemişe telefonyňyza ýa-da
enjamyňyza geler. Has giň şäherde, poçta indeksinde ýa-da prowinsiýada
ýörendigiňiz barada umuman bilmek üçin, siz öňünden hemişe razylyk
soramajakdygymyza düşünmeli. Meselem, diňe Filippinlerdäki Manila
şäheriniň içinde bir ýerlerde durandygyňyzy bilýän bolsak, biz oňa
takyk ýerleşýän ýeriňiz hökmünde garamarys.
Gyzyklanma-esasly mazamlama
Hyzmatdaş saýtlarymyza giren wagtyňyz, görmek isleýänsiňiz öýden
mahabatlarymyzy ýa-da mazmunymyzy size görkezip bileris. Meselem, eger çaga
eşiklerini ýa-da okuw esbaplaryny satýan saýtlara girýäniňiz ünsümizi
çekse, siz Tide® kir ýuwujy serişdeler barada mazamlary almagyňyz mümkin.
Şol maglumat esasynda çagaňyzyň bardygy, şol sebäpli-de, güýçli kir ýuwujy
serişde bilen gyzyklanýan bolmagyňyzyň gaty mümkindigi barada netijä gelip
bilýäris. Şunlukda, size bähbitli bolup biljek önümlerimiz barada size
dahylly maglumaty ibermek niýetine münýäris.
Biz birmeňzeş gyzyklanmalary paýlaşýan müşderi toparlaryndan
öwrenýäris.
Biziň sizi birmeňzeş gyzyklanmalary bar bolan belli bir müşderi toparyna
goýmagymyz mümkindir. Meselem, siziň ýygy-ýygydan onlaýn päki satyn
alýandygyňyzy görsek, sizi "päki muşdaklary" toparyna goýmagymyz ahmal,
ýa-da siziň onlaýn kuponlary ulanýanyňyz, arzanladyş ýa-da satyş
gözleýäniňiz ünsümizi çekse, sizi "çekeleşip söwda edýän" diýip
bellemegimiz mümkin. Web-sahypalary görýän wagtyňyz, websaýtlarymyzda we
girýän başga websaýtlarymyzda basýan baglaryňyza, ulanýan mobil
goýmalaryňyza ýa-da görýän öz brend e-poçtalarymyza hem-de şol e-poçtalarda
basýan baglaryňyza seredip, şu zatlar biziň ünsümizi çekdi. Onlaýnda
we/ýada awtonomda birmeňzeş hereket edýän müşderiler toparyndaky umumy
trendler, endikler ýa-da häsiýetler barada öwrenmegimize kömegi deger ýaly,
biz kuki we enjam ID-lerini bir topara jemleýäris. Biz şeýle etmek bilen,
eýýäm toparda bar bolan müşderilere "meňzeýän" başga köp adamlary tapyp we
olara hyzmat edip bilýäris, şeýlelikde, olara dahyllydyr öýden zatlarymyzy
hem-de bähbitli önüm tekliplerini we maglumatyny iberýäris.
Başga maglumaty siziň kuki we enjam ID-leriňize baglaýarys.
Kuki we enjam ID-leriňiziň üstüne awtonomda satyn alýan önümleriňiz barada
maglumat ýa-da saýtlarymyzda hasap döredýärkäňiz gönümel berýän
maglumatyňyz ýaly başga maglumatyň hem goşulmagy mümkindir. Biz umuman muny
siziň kimdigiňizi gönümel anyklatmaz ýaly görnüşlerde amala aşyrýarys.
Meselem, bir adamyň websaýt girişleri, ýaşy, jynsy we söwda ediş endikleri
esasynda ID ABC12345 belgili kukiniň päki muşdaklary toparyna degişlidigini
bilip bileris, ýöne ol adamyň adyny ýa-da salgysyny ýa-da onuň adam
hökmünde kimdigini anyklatjak beýleki maglumaty bilmeris. Eger siziň kuki
ýa-da enjam maglumatyňyzy (internet we goýma görüş taryhy) şahsy taýdan
anyklajak bolan ýagdaýymyzda, şeý etmezden ozal hemişe siziň özüňizden
sorarys.
Sizi ähli kompýuterleriňizde, planşetleriňizde, telefonlaryňyzda we
enjamlaryňyzda bilmegimiz mümkin.
Biziň ID ABC12345 kukiniň ID EFG15647 enjam belgili mobil telefonyň eýesi
bolan şol bir adama ýa-da hojalyga birigen bolmagy mümkin kompýuterden
gelýändigini bilmegimiz mümkindir. Ýagny, noutbugyňyzda arlyk gözläp, biziň
sponsorlyk edýän Google gözleg netijämiziň bagyna bassaňyz, soň mobil
telefonyňyzda biziň Pampers® brendli arlyklarymyz barada mahabat gözüňiz
düşmegi mümkin. Meselem, her gün şol bir wagtda şol bir Wi-Fi toruna hasaba
girýändigi sebäpli, biziň kompýuter bilen telefonyň eýesiniň şol bir
adamdyr diýip hasap edip ýa-da netije çykaryp bilýäris. Bir adamyň ýa-da
hojalygyň nähili enjamlary ulanýandygyna düşünmeklik siziň ähli
enjamlaryňyzda şol bir mahabaty näçe gezek görjegiňize çäk goýmaga
mümkinçilik berýär. Bu örän wajyp, sebäbi, şeýlelik bilen sizä şol bir
mahabatlary spamlap bimaza etmegimizden gutulýarsyňyz, biz bolsak, siziň
almak islemeýän mahabatyňyzy gaýtalap, oňa biderek pul tölemekden dynýarys.
Gyzyklanma-esasly mahabatlary almagy nähili bes edip bilersiňiz.
P&G gyzyklanma-esasly mazamlamany almagy bes etmek üçin,
şu ýere
ýa-da bir saýtymyzdaky ýa-da bir mobil goýmamyzdaky WebChoices ýa-da
AppChoices şekiljiklerini basyp bilersiňiz.
Brauzer(ler)iňizde kukileri ret etmek, şol goýmalary gurnaýan wagtyňyz
olaryň köplenç soraýan "maglumata giriş rugsadyny" ret etmek ýa-da
enjamyňyzda mahabat yzarlama sazlamalaryny sazlamak arkaly hem,
websaýtlarda gyzyklanma-esasly mahabatlaryň görkezilmeginiň öňüni alyp
bilersiňiz.
Siz gyzyklanma-esasly mahabatlary almagy ret etseňiz-de,
"kontekstleýin" mahabatlary görmäge dowam edersiňiz.
Size gyzyklanma-esasly mahabatlary ibermegi bes etsek hem, siz öz
kompýuteriňizde ýa-da mobil enjamlaryňyzda biziň brendlerimizden
mahabatlary almaga dowam edersiňiz. Ýöne, ol mahabatlar girýän
saýtlaryňyzyň kontekstine esaslanýar we olara kontekstleýin mahabatlar
diýilýär. Mobil telefonyňyzda ýa-da kompýuteriňizde görmek işjeňlikleriniň
çäginde girýän sahypalaryňyza esaslanýan gyzyklanma-esasly mahabatlaryň
tersine, kontekstleýin mahabatlar şol pursat girip duran belli bir
saýtyňyzyň kontekstine esaslanýar. Meselem, çaga idetmek baradaky önümleri
onlaýn görüp oturan wagtyňyz, biziň çaga idegi baradaky bir brendimiziň
mahabatyny görmegiňiz mümkin, sebäbi şol saýtlara, köplenç halatda,
täzelikde çagasy bolan ýa-da indi bolmaly ene-atalar gelip görýärler. Siz
şuny hem bilmeli, ýagny biz kompýuteriňizden ýa-da enjamlaryňyzdan maglumat
ýygnamaga dowam edip, şeýle hem, ony öz websaýtlarymyzyň işleýşine baha
bermek, müşderi ideg-gözlegini geçirmek ýa-da galplygyň anyklamak ýaly
başga maksatlar üçin ulanyp bileris.
Kukileri ýoklasaňyz, almagy ret etmek baradaky görkezmäňiz-de
ýoklanylýar.
Gyzyklanma-esasly mazamlama almagy ret etseňiz, almagy ret etmek baradaky
kukini brauzeriňize iberýäris, ol bize siziň indi bizden gyzyklanma-esasly
mahabatlary almak islemeýändigiňizi aýdýar. Ähli kukileri ýoklamak
barada karara gelseňiz, almagy ret etmek baradaky kukiňiz hem ýoklanylar.
Ýagny, eger şonda-da gyzyklanma-esasly mahabatlary almagy islemeýän
bolsaňyz, siz almagy ret etmegi täzeden ýerine ýetirmeli bolarsyňyz.
ÝB-niň çäginde maglumat işlemek, saklamak we geçirmek
Bu bölüm diňe ÝB ýurtlarynyň rezidentleriniň şahsy maglumatlaryny
işlemegimize degişli bolup durýar. Ol Maglumatlary goramak baradaky umumy
reglamentiň harpyna we ruhuna laýyklykda, biziň ÝB-niň rezidentleriniň
şahsy maglumatyny işlemegimiz, saklamagymyz we geçirmegimiz babatynda has
köp aç-açanlygy üpjün etmekligi maksat edinýär.
Guramalar.
Dürli P&G guramalary siziň şahsy maglumatyňyzy dolandyryjylar bolup
biler. Maglumat dolandyryjysy diýlip, maglumaty işlemek işjeňligini
ugrukdyrýan we maglumatlar üçin esasy jogapkär bolup durýan gurama
aýdylýar. Aşakdaky tablisada ÝB ýurtlaryndaky maglumatyň maglumat
dolandyryjylary görkezilýär. Meselem, biziň bir fransuz (.fr) websaýtymyzda
e-poçta üçin bellige alynsaňyz, şol ýurduň adynyň deňinde görkezilýän
P&G guramasy şol şahsy maglumatyň dolandyryjysy bolup durýar (mes.
Procter & Gamble France SAS (LE 577).
|
Ýurtlar
|
Maglumat barlaýjy
|
|
Awstriýa
|
Procter & Gamble Austria – Zweigniederlassung der
Procter & Gamble GmbH
|
|
Bolgariýa
|
Procter & Gamble Bulgaria EOOD
|
|
Rumyniýa
|
Bäsleşikler üçin: Procter & Gamble Distribution SRL
Başga saýtlar üçin: Procter & Gamble Marketing
Romania SR
|
|
Polşa
|
Procter and Gamble DS Polska sp z o.o.
|
|
Belgiýa
|
Procter & Gamble Distribution Company (Europe) BVBA
|
|
Çehiýa
|
Procter & Gamble Czech Republic s.r.o.
|
|
Wengriýa
|
Procter & Gamble RSC Regionális
|
|
Slowakiýa
|
Procter & Gamble, spol. s.r.o.
|
|
Horwatiýa
|
Procter & Gamble d.o.o. za trgovinu
|
|
Fransiýa
|
Procter & Gamble France SAS/Procter & Gamble
Pharmaceuticals France SAS"
|
|
Germaniýa
|
Procter & Gamble Service GmbH
|
|
Gresiýa
|
P&G Hellas Ltd.
|
|
Irlandiýa
|
Procter & Gamble UK
|
|
Italiýa
|
Procter & Gamble Srl
|
|
Niderlandlar
|
Procter & Gamble Nederland B.V.
|
|
Portugaliýa
|
Procter & Gamble Portugal, Productos de Consumo
Higiene de Saude, S.A.
|
|
Ispaniýa
|
Procter & Gamble España, S.A.
|
|
Birleşen Patyşalyk
|
Procter & Gamble UK
|
|
Sanawda görkezilmeýän ÝB ýurtlary
|
Procter & Gamble International Operations SA
|
Işlemek we saklamak.
Umumy kada hökmünde, biz maglumatyňyzy ony näme maksat bilen ýygnan bolsak,
diňe şol maksady tamamlamak üçin gerek bolan ýa-da kanun tarapyndan talap
edilýän döwrüň dowamynda saklaýarys. Siziň talaplaryňyzy berjaý etmek, şol
sanda sizi marketing e-poçtalaryna ibermän saklamaga dowam etmek ýa-da
kanuny ýa-da başga borçlary ýerine ýetirmek maksady bilen, siziň
maglumatyňyzy öz görkezen saklaýyş möhletlerimizden has uzak saklamaly
bolmagymyz mümkindir. Bu tablisada öz ýygnaýan maglumat görnüşlerimiz,
olary näme maksatlar bilen ulanýanymyz, şol ulanmaklaryň näme sebäpli
kanuna laýyk gelýändigi (kanuny esasy), şeýle hem, olary adatça näçe
wagtlap saklaýandygymyz (saklaýyş döwri) barada maglumaty size görkezýäris.
|
Maglumat görnüşi
|
Bu maglumaty näme üçin ýygnaýarys
|
Kanuny esas
|
Saklaýyş döwri
|
|
Marketing
E-poçta, ady, telefon belgisi, poçta salgysy, halaýan
zatlaryňyz, gyzykýan zatlaryňyz, hünäriňiz,
endikleriňiz, satyn alýan zatlaryňyz, ýükleýän
fotosuratlaryňyz ýa-da wideolaryňyz, çagalaryňyz we
öýüňiz barada maglumat, maşgala düzümiňiz, hojalykdaky
maşgala sanyňyz, saç görnüşiňiz, ten görnüşiňiz,
halaýan ysyňyz, eldeki haýwanyňyz barmy-ýokmy we ş.m.
|
Size öz önümlerimiziň ýa-da hyzmatlarymyzyň, ýa-da
hyzmatdaşlarymyzyň önümleriniň ýa-da hyzmatlarynyň
marketing mazmuny ibermek üçin.
|
E-poçta we SMS üçin razylygyňyz, şeýle hem, alýan
bolsak, poçta üçin razylygyňyz. Başga islendik zat üçin
kanuna laýyk bähbitler.
|
Şahsy maglumaty ýoklamagy haýyş edýänçäňiz ýa-da
razylygyňyzy yzyna alýançaňyz. Eger beýle zat haýyş
etmeseňiz, şahsy maglumatlar şu aşakdaky grafika
laýyklykda ýoklanylar:
e-poçta: ähli kanallarda <50 aý işjeňsizlik bolsa.
Biz işjeňsizligi birnäçe içerki kriteriniň üsti bilen
kesgitleýäris.
SMS: ähli kanallarda <50 aý işjeňsizlik bolsa. Biz
işjeňsizligi birnäçe içerki kriteriniň üsti bilen
kesgitleýäris.
poçta salgysy: ähli kanallarda <50 aý işjeňsizlik
bolsa. Biz işjeňsizligi birnäçe içerki kriteriniň üsti
bilen kesgitleýäris.
|
|
Bäsleşikler
E-poçta, ady, telefon belgisi, kämahal başga maglumat.
|
Bäsleşige gatnaşyjylara bäsleşik barada maglumat
bermek, şol sanda bäsleşigiň ýeňijisini (ýeňijilerini)
yglan etmek üçin.
|
Razylygyňyz.
|
24 aý, eger ýerli kanunçylyk has uzak saklamagy talap
etmeýän bolsa.
|
|
Önüm satyn alyşlar
E-poçta, ady, telefon belgisi, töleg maglumaty (şol
sanda bank hasaby IBAN ýa-da Paypal rekwiziti), kämahal
başga maglumat.
|
Önümlerimizi satyn alyşlaryňyzy, käşbäk tekliplerini
ýa-da kepillikleri işlemek we size şol satyn alyş bilen
baglanyşykly dahylly aragatnaşyklary ibermek üçin.
|
Razylygyňyz.
|
Sargydyňyz ýerine ýetirmek we sargydyňyz baradaky
aragatnaşyklar bilen yzyny idemek zerur boldugyça, eger
ýerli kanunçylyk has uzak saklamagy talap etmeýän
bolsa. Umuman, biz maglumaty käşbäk teklipleri üçin 24
aý, kepillikler üçin bolsa, 10 ýyl möhlet bilen
saklaýarys.
|
|
Bize ýüz tutuň
E-poçta, ady, telefon belgisi, kämahal başga maglumat.
|
Soraglaryňyzy kanagatlandyrmak we olaryň yzyny
talabalaýyk idemegimizi gazanmak üçin ýa-da kanunçylyk
ýa-da P&G syýasaty tarapyndan talap edilýän
görnüşde.
|
Müşderi soraglaryny dolandyrmakdaky kanunalaýyk biznes
bähbidimiz, şeýle hem, käbir islenilmeýän hadysalar
ýüze çykanda ýygnalmagy mümkin bolan ýörite
kategoriýaly maglumat üçin öz razylygyňyz.
|
Soragyň tebigatyna, biziň maglumaty işlemekdäki
kanunalaýyk bähbitlerimize we öz kanuny borçlarymyza
baglylykda, 0 bilen 10 ýyl aralygy.
|
|
Gözleg
E-poçta, ady, telefon belgisi, salgy, kimdigiňi
anykladýan fotosuratlar ýa-da wideolar, kämahal başga
maglumatlar.
|
Öz önümlerimizi gowulandyryp we müşderilerimiziň
durmuşyny ýeňilleşdirip bilerimiz ýaly, öz önüm
ideýalarymyzy synamak we ileri tutmalaryňyz hem-de iş
edähetleriňiz barada öwrenmek üçin.
|
Razylygyňyz.
|
Substantiw kliniki ylmy-barlagyň çäginde ýygnalan şahsy
maglumatlary olaryň öz ýygnalan maksady üçin bize zerur
bolan möhletiň dowamynda we/ýa-da ýerli kanunçylyk
ýa-da reglament tarapyndan saklamaklyk talap edilýän
möhletiň dowamynda (ol 25 ýyla çenli bolup bilýär)
saklarys. Kliniki däl ylmy-barlag barada aýdylanda, biz
substantiw şahsy maglumaty maksimum 5 ýyllap saklarys.
Siziň habarym bar diýip gol çeken razylyk bermek
baradaky resminamalaryňyzy saklarys
|
|
Media arkaly ýörite gönükmek
Mazamlama kukileri, enjam ID-si, şeýle hem, jyns we ýaş
ýaly demografik maglumatlar, sahypa görüşler ýaly
edähet maglumaty we kämahal beýleki maglumat.
|
Internet gyzyklanmalaryňyzy bilmek we size iberýän
mahabatlarymyzy laýyklamak üçin.
|
Size dahylly mazamlama bilen üpjün etmekdäki
kanunalaýyk biznes bähbitlerimiz. Öz websaýtlarymyzda
kukileriň işe girizilmegi üçin sizden razylyk alarys.
|
Biz bu maglumaty ýygnaýan senämizden başlap on üç aý
möhlet bilen ýa-da almagy ret edýänçäňiz (haýsysy öň
bolsa, şoňa çenli) saklarys.
|
Maglumatyňyzyň başga ýurtlara geçirilişleri.
Şahsy maglumatyňyzyň öz ýygnalan ýurdundan, şol sanda Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryndan başga ýurda geçirilmegi, onda saklanylmagy we işlenilmegi
mümkindir. Meselem, belli bir maglumat binýadynyň hosting edilýän ýeridigi
sebäpli, maglumatyňyzy ABŞ-daky bir serwerde saklamagymyz mümkin; we bir
marketingçimiz size önüm nusgalygyny ibermek üçin şol maglumata
Şweýsariýadan girende, olaryň gaýtadan "geçirilmegi" mümkindir. Biz
maglumatyňyzyň goralmagyny üpjün etmek üçin, P&G guramalarynyň öz
aralaryndaky, şeýle hem, P&G bilen öz hyzmat üpjün edijilerimiziň
arasyndaky şol geçirişleri ÝB-niň düzgünleşdirijileri tarapyndan deslapky
ylalaşylan şertnamalaýyn goraglar (model şertnama maddalary diýilýär)
arkaly amala aşyrýarys. Siz geçiriş baradaky ylalaşygyň nusgasyny almak
isleseňiz, bize ýüz tutuň.
Saýt we goýma mazmuny
Modullar.
Websaýtlarymyzda sosial torlar ýaly başga kompaniýalardan modullar bar
bolup biler. Şeýle modula mysal hökmünde Facebook-yň "Laýk" düwmesini
görkezmek bolar. Ol modullaryň maglumat (mes. giren sahypaňyzyň URL-si)
ýygnamagy we ol maglumaty özlerini döreden kompaniýa ibermegi mümkindir.
Onuň siz modulyň üstünden basmasaňyz hem bolup geçmegi mümkindir. Ol
modullar biziň saýtlarymyzda görünýän-de bolsa, olar özlerini döreden
kompaniýanyň gizlinlik syýasaty we şertleri tarapyndan düzgünleşdirilýär.
Ol modullar wajyp-däl kukiler bolup, biziň ÝB saýtlarymyzda diňe kukileri
kabul eden ýagdaýyňyzda işleýärler.
Ulgama girişler.
Websaýtlarymyz başga kompaniýadaky hasabyňyz bilen ulgama girmegiňize
mümkinçilik berip biler (mes. "Facebook bilen ulgama gir"). Şeýle
edeniňizde, ulgama girmek üçin ulanýan, başga kompaniýadan alan
hasabyňyzdaky hasap sazlamalaryňyzdan, diňe almagymyza razylyk beren
maglumatyňyza girişimiz bolar.
Ulanyjy mazmuny.
Käbir saýtlarymyz we goýmalarymyz size öz bäsleşik mazmunyňyzy,
bloglaryňyzy, wideolaryňyzy we beýleki funksiýalary ýüklemäge rugsat berer.
Ýatdan çykarmaň, tabşyrýan ýa-da onlaýna iberýän islendik maglumatyňyz
köpçülige açyk maglumata öwrülýändir. Saýtlarymyza we goýmalarymyza
tabşyrýan mazmunyňyzy başga adamlaryň nähili ulanmagyny mümkindigi
babatynda biziň gözegçiligimiz ýokdur. Biz şu gizlinlik syýasatyny,
kanunçylygy ýa-da şahsy gizlinligiňizi we howpsuzlygyňyzy bozmagy mümkin
bolan şeýle ulanyşlar üçin jogapkärçilik çekmeýäris.
Baglar.
P&G saýtlarynda başga saýtlara eltýän, biz tarapyndan gözegçilik
edilmeýän baglaryň bolmagy mümkindir. Ol saýtlar, biziň däl-de, özleriniň
gizlinlik syýasatlary we şertleri tarapyndan düzgünleşdirilýär.
Çagalaryň gizlinligi
Çagalaryň onlaýn gizlinligi baradaky kanunlar.
Biz onlaýnda çagalardan şahsy maglumat ýygnanymyzda maglumaty goramak
baradaky ähli degişli kanunlary berjaý edýäris. Meselem, biz ÝB-de,
ene-atadan razylyk almasak, 16 ýaşy dolmadyk çagalardan şahsy maglumaty
ýygnamaýarys. Edil şonuň ýaly-da, biz ABŞ-da 13 ýaşdan kiçi çagalardan
şahsy maglumaty ýygnanymyzda ene-atadan tassyklanylan razylyk alýarys.
Kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin Kaliforniýa ştaty boýunça bildiriş.
Biziň 18 ýaşy dolmadyk ýetginjekleriň öz materiallaryny (mes. wideolar,
teswirler, ýagdaý täzelemeleri ýa-da suratlar) ýüklemegine mümkinçilik
berýän interaktiw hyzmatlary hödürlemegimiz mümkindir. Ol mazmun
saýtlarymyzdaky görkezmeleri berjaý etmek bilen islendik wagt aýryp ýa-da
ýoklap bolýar. Ony nähili ýerine ýetirmelidigi barada soraglaryňyz bar
bolsa,
bize ýüz tutuň
. Habardar boluň, şol onlaýna iberilen mazmunyň başga adamlar tarapyndan
göçürilen, başga ýere ugradylan ýa-da başga bir ýerde onlaýna iberilen
bolmagy mümkindir we biz şeýle hereketleriň hiç biri üçin jogapkärçilik
çekmeýäris. Şeýle halatlar ýüze çykanda, siz başga saýt eýelerine ýüz
tutup, mazmunyňyzyň aýrylmagyny haýyş etmeli bolarsyňyz.
Bize ýüz tutuň
Öz gizlinligiňiz we biziň maglumat goragy boýunça iş düzgünlerimiz barada
islendik soraglar ýa-da aladalar üçin, gönümel
bize ýüz tutuň
.