Change Text Size Resize Text Small(12 point) Resize Text Medium(14 point) Resize Text Large(16 point)

P&G Global müşderi gizlinlik syýasaty
5/25/2018

Biziň bilen ynama esaslanýan gatnaşygy ýola goýmak we saklamak üçin jan edýäris. Şol sebäpli, siziň maglumatyňyza çemeleşmek barada gürrüň gidende, biz şol ynamyňyzy mynasyp ödeýän görnüşde örän seresaply we oýlanyşykly hereket edýäris. Bu syýasat biziň şony nähili amala aşyrýandygymyzy, şol sanda näme maglumat ýygnaýandygymyzy, ony nähili ulanýandygymyzy we goraýandygymyzy, şeýle hem, bu barada näme karara gelip bilýändigiňizi beýan edýär. Biziň maksadymyz siziň maglumatlaryňyzy öz mazmunymyzy, önümlerimizi, mahabatlarymyzy we hyzmatlarymyzy gowulandyrmak üçin nähili ulanýandygymyza göz ýetirmegiňize mümkinçilik döretmekdir.

Ynha, gizlinlik düzgünlerimiz barada gysgaça tanyşdyryş

Biz nämeleri ýygnaýarys

  • Bize berýän maglumatyňyz
  • Bize ýüz tutan, saýtlarymyza giren, mobil goýmalarymyzy ýa-da hyzmatlarymyzy ulanan, önümlerimizi ýa-da enjamlarymyzy ulanan ýa-da mahabatlarymyzy gören wagtyňyz ýygnaýan maglumatlarymyz
  • Maglumatlaryňyzy paýlaşmaga ýa-da satmaga sizden razylyk alan ýa-da siziň maglumatlaryňyzy alan başga kompaniýalaryndan ony özleri bilen, şeýle hem, öz gezeginde, biziň we/ýa-da başga kompaniýalar bilen paýlaşyp biljekdikleri barada anyklan başga kompaniýalardan alýan maglumatymyz
  • Başga kompaniýalaryň websaýtlaryna giren wagtyňyz, şol kompaniýalardan alýan maglumatymyz

Biziň has gowy önümleri, hyzmatlary we müşderi tejribelerini döretmäge kömegi deger ýaly, şol maglumatlaryň islendigini we ählisini birleşdirmegimiz mümkin.

Maglumatyňyzy nähili ulanýarys

  • Size öz soraýan önümdir hyzmatlaryňyzy ibermek
  • Siz öz önümdir hyzmatlarymyz we öz marketing hyzmatdaşlarymyzyň önümdir hyzmatlary barada maglumat bermek
  • Bize öz saýtlarymyzy we hyzmatlarymyzy işletmäge kömek etmek

Maglumatyňyzy nähili we haçan paýlaşýarys

  • Sizden razylyk alan wagtymyz, öz seresaplyk bilen saýlap alan hyzmatdaşlarymyz bilen paýlaşýarys (olaryň önümdir hyzmatlary bilen gyzyklanýan bolmagyňyz mümkindir öýden ýagdaýymyzda, olaryň size öz önümdir hyzmatlary barada teklipleri, höweslendirmeleri ýa-da mahabatlary iberip bilmegi üçin)
  • Bize öz biznesimizi ýöredişmekleri üçin başga kompaniýalarymyz bilen hakyna tutýarys
  • Bir P&G brendiniň ýa-da biznesiniň başga kompaniýa satylmagynyň çäginde
  • Biziň öz hukuklarymyzy ýa-da emlägimizi goramagymyza kömeginiň degmegi üçin (mes. galplygyň öňüni almak ý-da maglumat howpsuzlygy)
  • Hukuk goraýjy ýa-da hökümet edaralary tarapyndan talap edilen halatynda

Saýlawlaryňyz

Aşakdaky baglary basmak bilen, öz maglumatyňyzy nähili ulanyp biljekdigimiz barada bize görkezme berip bilersiňiz:

Eger ÝB-de ýaşaýan bolsaňyz, siziň şahsy maglumatlar boýunça, şol sanda bizde siz barada nähili şahsy maglumat bardygyna girmäge, onda düzedişler ýa-da täzelemeler etmäge, biz şol maglumatlary ýoklamak barada görkezme bermäge ýa-da şol maglumatyň göçme nusgasyny almaga bolan belli bir hukuklaryňyz bardyr. Şol hukuklar ähli ýagdaýlara degişli däldir. Şu aşakdakylary ýerine ýetirmek üçin, baglary basyň:

Maglumatlaryňyzy nähili ýygnaýarys

Biz köp ýerlerden, köp görnüşlerde siz barada maglumaty ýygnaýarys. Ýygnaýan käbir maglumatymyzda siziň kimdigiňizi anyklamakda ulanyp boljak şahsy maglumat (mes. adyňyz, e-poçta salgyňyz, telefon belgiňiz ýa-da poçta salgyňyz) bar bolmagy mümkindir. ÝB-däki ýaly käbir ýurtlarda, IP salgysy ýa-da kuki we mobil enjam identifikatorlary ýaly zatlara hem şahsy maglumat hökmünde garalmagy mümkindir.

Üns beriň : Biziň siz barada ýygnaýan maglumatlymyzyň ählisini size has gowy önümleri, hyzmatlary we ulanyjy tejribelerini bermek üçin birleşdirmegimiz mümkindir.

Ony bize özüňiz berýärsiňiz. Siz websaýtlarymyzda ýa-da mobil goýmalarda hasap açýan wagtyňyz ýa-da bize jaň etmek ýa-da e-poçta ibermek arkaly, biz öz maglumatyňyzy berýärsiňiz. Biziň sizden adyňyz, e-poçtaňyz ýa-da öý salgyňyz, doglan senäňiz, töleg maglumatyňyz, ýaşyňyz, jynsyňyz, maşgala sanyňyz ýaly zatlary, şeýle hem, siz öz önümdir hyzmatlarymyz barada maglumaty nähili usulda (mes. öý salgyňyz, e-poçta salgyňyz ýa-da SMS arkaly) ugratmagymyzy isleýändigiňiz hakynda soramagymyz mümkin.

Saýtlardan we e-poçtalardan. Saýtlarymyza giren, mahabatlarymyzy gören ýa-da önümdir hyzmatlarymyzy ulanan wagtyňyz awtomatik maglumat ýygnaýan tehnologiýalary ulanmagymyz mümkindir. Meselem, biz ulanýan brauzeriňizi we operasion ulgamyňyz, IP salgyňyzy, girýän web-sahypalaryňyzy, basýan baglaryňyzy ýa-da bizden gelen bir e-poçtany açyp-açmandygyňyzy görkezýän kukileri (kompýuteriňiziň brauzerinde durýan uşajyk faýl) ulanýarys.

Mobil goýmalardan we internete birigen enjamlardan. Size iň ajaýyp ulanyjy tejribesini bermek üçin, mobil goýmalarymyzy ulanýan wagtyňyz telefonyňyzdan ýa-da öýüňizdäki "akylly" enjamlardan maglumat ýygnaýan tehnologiýalary ulanmagymyz mümkin. Siz goýmany göçürip alýan ýa-da internete birigýän hojalyk enjamlaryny gurnaýan wagtyňyz, muňa razylyk berýärsiňiz. Ol maglumat mobil telefonyňyzyň ýa-da başga enjamyň mahabat ID-sini, telefonyňyzyň operasion ulgamy barada maglumaty, goýmany ýa-da enjamy ulanyşyňyz, şeýle hem, fiziki ýerleşýän ýeriňiz barada maglumaty öz içine alyp biler. Öz takyk geografik ýerleşýän ýeriňizi (takyk duran ýeriňizi ýa-da internete girýän ýeriňizi) bilmegimizi kabul etmek ýa-da ret etmek barada size opsiýa berýän bildiriş siziň telefonyňyza ýa-da enjamyňyza geler.

Başga ýerlerden. Başga kompaniýalaryň biziň bilen paýlaşýan ýa-da bize satýan maglumatyny almagymyz mümkindir. Meselem, telekom hyzmatlaryna ýa-da bölek satuw boýunça ýeňillik utuklary kompaniýasyna ýazylan wagtyňyz, başga kompaniýanyň öz şahsy maglumatyňyzy biziň bilen paýlaşmagyna razylyk beren bolmagyňyz mümkin. Biziň siziň hemmeleriň görüp biljekdigini bilýän ýerleriňizden, mes. internetde onlaýn neşir edýän zatlaryňyzdan, blog ýazgylaryňyzdan, wideolaryňyzdan ýa-da sosial media saýtlaryndan hem maglumat ýygnamagymyz mümkindir. Biziň köpçülige elýeterli maglumat binýatlaryndan ýa-da siziň öz maglumatyňyzy olaryň ulanmagy we soňrasynda biziň ulanmagymyz üçin beren razylygyňyz esasynda alynýan siz barada maglumatlary ýygnamak ýa-da birleşdirmek biznesini ýöredýän başga kompaniýalardan hem maglumaty almagymyz mümkindir. Ol maglumat siziň girdeji derejäňiz, ýaşyňyz, jynsyňyz, maşgala sanyňyz we internetden ýa-da golaýyňyzdaky dükanlardan satyn alan önümleriňiz baradaky maglumat bolup biler.

Maglumatyňyzy nähili ulanýarys

Biz siziň maglumatyňyzy dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan özüňiz ýaly adamlaryň ýaşaýşyna galtaşmak we ony gowulandyrmak baradaky maksadymyza ýetmegimize kömegi deger ýaly ulanýarys. Biz siziň maglumatyňyzy öz soraglaryňyza ýa-da maglumat baradaky haýyşlaryňyza jogap bermek, size öz soran önümleriňizi ýa-da nusgalyklaryňyzy ibermek, öz P&G saýt ýa-da goýma ileri tutmalaryňyzy dolandyryşmak, siziň öz bäsleşikdir deňme-deňliklerimize girmegiňize mümkinçilik bermek ýa-da bizden satyn alýan önümleriňiziň tölegini işlemek üçin ulanýarys. Täze önümleri çykaryp ýa-da eýýäm bar bolanlaryny gowulandyryp bilerimiz ýaly, müşderileriň näme isleýändigi barada giňişleýin öwrenmek üçin, biziň şahsy-däl maglumatyňyzy (mes. satyn alyş maglumaty, nusgalyk barada talaplar we ş.m.) (ýa-da şeýle ideg-gözlege goşulmaga razylyk beren wagtyňyz, şahsy maglumatyňyzy) müşderi ideg-gözleginde ýa-da analitikasynda hem ulanmagymyz mümkindir.

Maglumatlaryňyzy ulanýan ýene bir usulymyz, ol hem, bizden eşidýän zatlaryňyzyň özbaşdak adam hökmünde size dahylly we peýdaly bolmagyny gazanmakdyr. Meselem, siz Gillette.com saýtyna baryp, syryş önümlerimize gyzyklanma bildiren bolsaňyz, size Gillette® önümleri barada maglumat ibermegimiz mümkindir. Biz şonda siziň Gillette-den şol bir mahabatyny näçe gezek görjekdigiňize çäk goýmak üçin, siziň maglumatyňyzy (kuki ID-si ýa-da enjam ID-si) ulanarys. Biz söýüp ulanýan önümleriňiz barada size habar ýetirmek isleýäris, ýöne size şol bir habaryň gaýta-gaýta gelip durmazlygynyň alajyny edýäris.

Käbir şol bir umumy zatlary paýlaşýan ähli müşderileriň zerurlyklaryny kanagatlandyrýan önümleri çykaryp we hyzmatlary hödürläp bilmek maksady bilen, öz websaýtlarymyzyň nähili ulanylýandygyna has gowy düşünmek ýa-da müşderi endiklerini öwrenmek üçin, hiç bir adamyň kimdigini anyklamazdan, köp adamlardan alnyp, bir ýere birleşdirilýän maglumatlary hem ulanmagymyz mümkindir. Meselem, täze ene-atalara öz isleýän önümdir hyzmatlary bilen ähli ýerde has gowy hyzmat edip bilmegimiz üçin, biziň bäbek önümi websaýtlarymyzdaky zatlary okaýan täze ene-atalar bolan müşderilerimiz barada köp zatlary öwrenip bileris. Şol şahsy-däl maglumatyň şeýle ulanylmagy siziň gizlinligiňizi gorap saklamaga kömek edýär. Biz mümkin bolan islendik wagtda şahsy-däl maglumatlary hemişe şu sebäp bilen ulanmaga synanyşarys.

Gizlinligiňizi has-da goramak üçin, biz eldäki tabşyrygy tamamlamak üçin iň az möçberde maglumat ulanarys, kuki we enjam ID-leriniň siziň kimdigiňizi (mes. adyňyzy) ýörite we gönümel anykladyp biljek görnüşde garyşmagynyň öňüni almak üçin çäreleri göreris, şeýle hem, öz biznes maksatlarymyz üçin gereksiz bolansoň maglumatyňyzy ýoklarys.

Biz maglumatyňyzy nähili gorap saklaýarys

Biz siziň şahsy maglumatyňyza sarpa goýýarys we ony ýitmekden, betniýetli ulanylmakdan ýa-da üýtgedilmekden goramak üçin ädimleri ädýäris. Degişli bolan ýerinde, bu ädimler gorag diwarlaryny, ara girmegi anyklaýyş we öňüni alyş ulgamlaryny, özboluşly we çylşyrymly parollary, şeýle hem, şifrlemäni öz içine alyp biler. Biz işgärleri maglumat işlemegiň borçlary barada okatmak, maglumat hadysalaryny we töwekgelçiliklerini identifisirlemek, işgärleriň siziň şahsy maglumatyňyza girmegini çäklendirmek, şeýle hem, fiziki howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda ulanylmaýan wagty resminamalary talabalaýyk gorap saklamak ýaly guramalaýyn we fiziki çäreleri hem ulanýarys

Biz nämeleri paýlaşýarys

Başga kompaniýalar bilen. Sizden razylyk alan wagtymyz, siziň maglumatyňyzy öz saýlama hyzmatdaşlarymyz bilen paýlaşmagymyz mümkindir, şeýle olaryň önümdir hyzmatlary bilen gyzyklanýan bolmagyňyz mümkindir öýden ýagdaýymyzda, olaryň size öz önümdir hyzmatlary barada teklipleri, höweslendirmeleri ýa-da mahabatlary iberip biler. Meselem, biziň Pampers® ýaly arlyk brendlerimizden P&G e-poçtalaryny alýan adamlaryň başga kompaniýalar tarapyndan öndürilýän bäbek iýmitleri barada habar almaga razylyk beren bolmagy mümkindir. Biz siziň şahsy maglumatyňyzy P&G kompaniýasyndan daşgyn marketingçilere satmaýarys. Siziň kimdigiňizi anyklatmaýan maglumatlary başga kompaniýalar bilen islendik maksat üçin paýlaşmagymyz mümkindir.

Hyzmat üpjün edijiler bilen. Siziň maglumatyňyzy bize öz biznesimizi ýöretmäge kömekleşýän, şol sanda saýtlarymyza hosting hyzmatyny berýän, e-poçtalarymyzy size eltýän, ýygnaýan maglumatlarymyzy seljerýän, şeýle hem, soran önümdir hyzmatlaryňyzy size iberýän kompaniýalar bilen paýlaşmaly bolmagymyz mümkindir. Biz ol kompaniýalar bilen diňe olardan haýyş edýän tabşyryklarymyzy tamamlamak bilmekleri üçin zerur bolan şahsy maglumaty paýlaşýarys. Olaryň siziň maglumatyňyzy edil biziň goraýşymyz ýaly goramagy talap edilýär, olar ony paýlaşmazlar ýa-da islendik başga bir maksat üçin ulanmazlar.

Başga ýagdaýlar. Eger şahsy maglumatyňyzy paýlaşan bir brendiňiz ýa-da biziň bizneslerimiziň biri başga bir kompaniýa satylsa, maglumatyňyz şol kompaniýa bilen paýlaşylar. Şonuň netijesinde, brende ýa-da täze kompaniýa ony ýoklamak barada görkezme bermeseňiz, onda hasabyňyz we ondaky şahsy maglumatyňyz ýoklanylmaz. Siziň şahsy maglumatyňyzy bize siziň hukuklaryňyzy we emlägiňizi goramaga kömekleşýän kompaniýalar bilen ýa-da hukuk goraýjy ýa-da hökümet edaralary tarapyndan talap edilende hem paýlaşmagymyz mümkindir.

Hukuklaryňyz we saýlawlaryňyz


Marketing Siz şu aragatnaşyklar bilen iberilýän "almagy ret ediş" görkezmelerini berjaý etmek bilen, bize özüňize e-poçta we tekst habarlaryny ibermegimizi bes etmek barada görkezme berip bilersiňiz. Siz şu ýere basmak bilen hem, marketing e-poçtalaryny, SMS-lerini ýa-da poçta ibermelerini almagy bes etmegi saýlap hem bilersiňiz. Saýlawlaryňyza hormat goýmak bilen bir hatarda, biziň şeý etmek üçin maglumat saklamaly bolmagymyz mümkindir. Meselem, size marketing e-poçtalaryny ibermegi bes etmek barada bize görkezme berseňiz, biziň ulgamlarymyzyň siziň öz e-poçta salgyňyza marketing aragatnaşyklarynyň iberilmegini islemeýändigiňiz barada ýatda saklamagy üçin, biz siziň şol e-poçta salgyňyzy özümizde saklamaly bolarys.

Hasaplar Bellige alnan ýurduňyza baglylykda, P&G hasabyňyzyň maglumatyňyza girmek, onda üýtgetmeler etmek ýa-da maglumatyňyzy ýoklamak mümkinçiligini hödürlemegi mümkindir. Eger beýle däl bolsa, haýyş etmek üçin şu ýere basyp bilersiňiz.

Ýewropa Bileleşiginiň rezidentleri. Eger ÝB-de ýaşaýan bolsaňyz, siz barada saklaýan şahsy maglumatymyza girip, şeýle hem, takyk däl, könelen ýa-da indi gereksiz maglumatyň düzedilmegini, pozulmagyny ýa-da çäklendirilmegini haýyş edip, we bizden maglumatyňyz başga hyzmat üpjün edijä geçirip bilmäge mümkinçilik berýän formatda üpjün etmegimizi sorap bilersiňiz. Şahsy maglumatyňyzy işlemek üçin razylygyňyza baglaýan halatlarymyzda, öz razylygyňyzy islendik wagt yzyna alyp hem bilersiňiz. Şahsy maglumatyňyz biziň kanunalaýyk bähbidimiz esasynda (ýagny biziň maglumaty ulanmaga öz sebäbimiz bar bolanda) işlenilýän halatynda, biziň ony işlemegimize garşy çykyp (ýagny ony ulanmagy bes etmegimizi sorap) bilersiňiz. Umuman, maglumat goragy we öz şahsy maglumat boýunça hukuklaryňyz barada goşmaça maglumat almak isleýän bolsaňyz, Ýewropanyň maglumat goragy boýunça superwizorynyň websaýtyna ( https://edps.europa.eu/data-protection/ ) baryň. Eger talaplaryňyza berýän jogaplarymyzdan nägile bolsaňyz, öz ýurduňyzdaky maglumat goragy edarasyna şikaýat arzasy bilen ýüz tutup bilersiňiz. Haýyş ibermek üçin, şu aşakdaky opsiýalardan saýlaň:

Umumy talaplar . Meselem, içinde bir websaýtymyz ýa-da goýmamyz arkaly bellige alnan wagtyňyz bize beren maglumatyňyz bar bolup, marketing üçin ulanylýan şahsy maglumatyňyz barada talap ibermek üçin, bize şu ýerden ýüz tutuň.

Media mazamlama . Meselem, içinde bizde kuki ýa-da enjam ID-si derejesinde siz hakynda saklanylyp, size dahylly mahabatlary bermek üçin ulanylýan maglumat bar bolan, mazamlama üçin ulanylýan şahsy maglumatyňyz barada talap ibermek üçin, bize şu ýerden ýüz tutuň. Biziň isleg-taraply (ýa-da mahabat gowşuryş) we mahabat-tassyklaýjy hyzmatdaş platformalarymyzda-da kukiňiz ýa-da enjam ID-ňiz bilen baglanyşykly maglumat bar bolup biler. Şol maglumat üçin,şu ýere we şu ýere serediň.

Müşderi gözlegi . Biziň bir gözleg işimize gatnaşmagyňyzyň çäginde bizde bar bolmagy mümkin şahsy maglumatyňyz bilen baglanyşykly talap ibermek üçin, razylyk formaňyzda görkezilýän kontakt maglumatyna serediň ýa-da öz degişli gözleg merkeziňize jaň ediň ýa-da göni baryň.

Professional stomatologlar. Eger professional stomatolog bolsaňyz we bir professional aň-bilim kampaniýamyzyň çäginde, şol sanda https://www.dentalcare.com saýty arkaly bize öz maglumatyňyzy beren bolsaňyz, bize şu aşakda görkezilýän degişli ýurt belgileriniň we e-poçta salgylarynyň üsti bilen ýüz tutuň.

Ýurt

Jaň merkezi

E-poçta

Germaniýa

0203 570 570

Degişli däl

Awstriýa

00800 570 570 00

Degişli däl

Şweýsariýa

00800 570 570 00

Degişli däl

Birleşen Patyşalyk

0870 242 1850

Şu ýere basyň

Ispaniýa

900 670 270

Şu ýere basyň

Italiýa

+390650972534

Degişli däl

Fransiýa

+ 33 (0) 825 878 498

Şu ýere basyň
Şu ýere basyň
Şu ýere basyň

Belgiýa

Degişli däl

Şu ýere basyň

Niderlandlar

Degişli däl

Şu ýere basyň

Polşa

0 801 25 88 25

Degişli däl

Kukiler

Kukiler internetde gezýän wagtyňyz kompýuteriňize iberilýän uşajyk faýllardyr. Olarda öz girýän websaýtlaryňyz bilen nähili täsirleşýändigiňiz barada peýdaly maglumat bolýar. Kukiler kompýuteriňizde, enjamyňyzda ýa-da faýllaryňyzda duran hiç bir maglumaty ýygnamaýar. Kukilerde siziň kimdigiňizi gönümel anykladyp biljek hiç hili maglumat bolmaýar. Kukiler kompýuteriňizi we enjamyňyzy diňe çemgeldik bellenilen sanlar we harplar (mes. kuki ID ABC12345) görnüşinde görkezýär we hiç haçan, meselem, Jon E. Smit diýip görkezmeýär.

Biz kukileri aşakdaky ýaly birnäçe sebäpler üçin ulanýarys:

  • size dahylly mazamlama bilen üpjün etmek
  • siziň P&G mazmuny bilen nähili täsirleşýändigiňiz barada giňişleýin öwrenmek
  • websaýtlarymyza gelen wagtyňyz başdan geçirýän tejribeleriňizi gowulandyrmaga kömegi degmek
  • websaýta her gireniňizde laýyklap durmaly bolmazyňyz ýaly, dil ýa-da sebit ýaly ileri tutmalaryňyzy ýatda saklamak
  • näsazlyklary anyklamak we çözmek
  • websaýtlarymyzyň öndürijilik görkezijilerini seljermek

Biz şu aşakdaky kuki görnüşlerini ulanýarys:

  • Seans kukileri. Web-sahypalarda ýat bolmaýar. Saýtda eýýäm beren şol bir maglumatyňyzy bermegiňiz soralyp durmaz ýaly, sahypadan sahypa geçdigiňizçe, seans kukileri sizi ýatda saklaýar (ABC12345 ýaly çemgeldik döredilýän ID ulanmak arkaly). Meselem, onlaýn söwda edilende seans kukileriniň biçak kömegi degýär, şol bolmasa, söwda arabajygyňyza salýan harytlaryňyz pulhana baryp ýetýänçäňiz ýitip giderdi! Saýtdan çykan ýa-da brauzeriňizi ýapan badyňyza, ol kukiler ýoklanylýar.
  • Hemişelik kukiler. Hemişelik kukiler ikilenç gelen wagtyňyz saýtlaryň ileri tutýan zatlaryňyzy ýatdan bilmegine mümkinçilik berýär. Meselem, birinji gezek gireniňizde saýty fransuz dilinde okamagy saýlasaňyz, ikilenç dolanyp gelen wagtyňyz, saýt awtomatik fransuz dilinde görkezilýär. Ileri tutýan diliňizi her gezek saýlamaly bolmazlyk siziň üçin örän oňaýly, önjeýli we ulanyja ýaramly ýeňillikdir.
  • Mazamlama kukileri. Ol kukiler arkaly, meselem, girýän websaýtlaryňyz we satyn alýan önümleriňiz esasynda siziň umuman nämelere gyzyklanma duýýandygyňyzy bilmek bolýar. Ol ýaşyňyz, maşgala ýagdaýyňyz we takmynan näçe çagaňyz bardygy hakynda netije çykarmagymyza-da kömek edip bilýär. Ol maglumat bize size öz halaýan ýa-da gerekleýän önümdir hyzmatlaryňyz barada mahabatlary ibermegimize şert döredýär. Ol bize siziň şol bir mazamy näçe gezek görjekdigiňize çäk goýmaga-da mümkinçilik döredýär.
  • Analitika kukileri. Ol kukiler bize öz websaýtlarymyzyň nähili işleýändigini görkezýär. Köp halatlarda, biz öz saýtlarymyzyň öndürijiligine gözegçilik etmek üçin Google Analytics kukilerini ulanýarys. Saýtlarymyza girişleriňiz barada Google Analytics tarapyndan ýygnalýan maglumaty ulanmak we paýlaşmak mümkinçiligimiz Google Analytics Ulanyş şertleri we Google Gizlinlik syýasaty tarapyndan çäklendirilýär.

Kukileri nähili dolandyryp bilýärsiňiz. Brauzeriňizi ähli kukileri ret etmäge ýa-da kompýuteriňize kuki iberilip durka ony görkezmäge sazlap bilersiňiz. Emma, beýtmeklik saýtlarymyzyň ýa-da hyzmatlarymyzyň gurat işlemegini bökdäp biler. Brauzeriňizi her gezek internetde gezip bolanyňyzdan soň kukileri ýoklamaga-da sazlap bilersiňiz.

Başga tehnologiýalar.

  • Ýakynlyk-esasly maýaklar. Maýaklar telefonyňyza gurnaýan mobil goýmalaryňyza örän gysga aralyklardan ýeke-taraply signallary iberip, meselem, size bir dükanyň duşundan geçip barýarkaňyz satuwda nähili önümleriň bardygyny habar berýär. Maýaklar diňe ýeterlik golaýlaşyp, belli bir maýak bilen baglanyşykly mobil goýmanyň içinden razylyk bereniňizden soňra, siziň enjamyňyz bilen aragatnaşyk edýär. Öz gezeginde, mazamlama we teklipleri size görä laýyklaşmak üçin, goýmalaryň bize ýerleşiş maglumatyny bermegi mümkin. Meselem, supermarketiň ten idegi bölümindäki maýaga golaýlaşan wagtyňyz, size 4$ arzanladyş kuponyny ibermegimiz mümkin.
  • Pikseller. Olary web-sahypa ornaşdyrylan ownujak obýektler bolup, göze görünmeýärler. Olara "bellijekler", "web-tomzaklar" ýa-da "piksel gifleri" hem diýilýär. Biz kompýuteriňize kukileri eltmek, öz websaýt işjeňligimize gözegçilik etmek, saýtlarymyzda ulgama girmegi ýeňilleşdirmek we onlaýn marketing işjeňligini amala aşyrmak üçin piksellerden peýdalanýarys. Biz öz höweslendirme e-poçta habarlarymyzy ýa-da täzelik hatlarymyzy açýaňyzmy we olaryň üstünde iş geçirýäňizmi diýip kesgitlemek üçin, olara pikselleri hem goşýarys.
  • Mobil enjam identifikatorlary we SDK-lar. Biz kukileriň internetde ýygnaýanlaryna meňzeş maglumatlary ýygnamak üçin, öz mobil goýmalarymyzda programma üpjünçiligi koduny ulanýarys. Ol mobil telefon identifikatorlaryňyz (iOS IDFA-lary we Android mazamlama ID-leri) ýaly maglumat, şeýle hem, biziň goýmalarymyzy ulanyşyňyz baradaky maglumat bolar. Edil kukilerde bolşy ýaly, goýmalarymyzy ulanýan wagtyňyz awtomatik ýygnaýan maglumatymyz sizi hiç haçan adam hökmünde anyklatmaz. Biz mobil enjamy diňe çemgeldik bellenilen sanlar we harplar (mes. mazamlama ID EFG4567) görnüşinde bilýäris we hiç haçan, meselem, Jon E. Smit diýen görnüşde bilmeýäris.
  • Takyk geografik ýerleşiş. Mobil goýmalarymyzy ulanýan wagtyňyz global orunlama ulgamy (GPS) koordinatalary (uzaklyk we giňişlik) ýaly zatlardan siziň takyk ýerleşýän ýeriňiz barada maglumat almagymyz mümkindir. Dünýäniň ýüzündäki takyk ýerleşýän ýeriňizi bilmegimizi kabul etmek ýa-da ret etmek barada sizden soraýan bildiriş hemişe telefonyňyza ýa-da enjamyňyza geler. Has giň şäherde, poçta indeksinde ýa-da prowinsiýada ýörendigiňiz barada umuman bilmek üçin, siz öňünden hemişe razylyk soramajakdygymyza düşünmeli. Meselem, diňe Filippinlerdäki Manila şäheriniň içinde bir ýerlerde durandygyňyzy bilýän bolsak, biz oňa takyk ýerleşýän ýeriňiz hökmünde garamarys.

Gyzyklanma-esasly mazamlama

Hyzmatdaş saýtlarymyza giren wagtyňyz, görmek isleýänsiňiz öýden mahabatlarymyzy ýa-da mazmunymyzy size görkezip bileris. Meselem, eger çaga eşiklerini ýa-da okuw esbaplaryny satýan saýtlara girýäniňiz ünsümizi çekse, siz Tide® kir ýuwujy serişdeler barada mazamlary almagyňyz mümkin. Şol maglumat esasynda çagaňyzyň bardygy, şol sebäpli-de, güýçli kir ýuwujy serişde bilen gyzyklanýan bolmagyňyzyň gaty mümkindigi barada netijä gelip bilýäris. Şunlukda, size bähbitli bolup biljek önümlerimiz barada size dahylly maglumaty ibermek niýetine münýäris.

Biz birmeňzeş gyzyklanmalary paýlaşýan müşderi toparlaryndan öwrenýäris. Biziň sizi birmeňzeş gyzyklanmalary bar bolan belli bir müşderi toparyna goýmagymyz mümkindir. Meselem, siziň ýygy-ýygydan onlaýn päki satyn alýandygyňyzy görsek, sizi "päki muşdaklary" toparyna goýmagymyz ahmal, ýa-da siziň onlaýn kuponlary ulanýanyňyz, arzanladyş ýa-da satyş gözleýäniňiz ünsümizi çekse, sizi "çekeleşip söwda edýän" diýip bellemegimiz mümkin. Web-sahypalary görýän wagtyňyz, websaýtlarymyzda we girýän başga websaýtlarymyzda basýan baglaryňyza, ulanýan mobil goýmalaryňyza ýa-da görýän öz brend e-poçtalarymyza hem-de şol e-poçtalarda basýan baglaryňyza seredip, şu zatlar biziň ünsümizi çekdi. Onlaýnda we/ýada awtonomda birmeňzeş hereket edýän müşderiler toparyndaky umumy trendler, endikler ýa-da häsiýetler barada öwrenmegimize kömegi deger ýaly, biz kuki we enjam ID-lerini bir topara jemleýäris. Biz şeýle etmek bilen, eýýäm toparda bar bolan müşderilere "meňzeýän" başga köp adamlary tapyp we olara hyzmat edip bilýäris, şeýlelikde, olara dahyllydyr öýden zatlarymyzy hem-de bähbitli önüm tekliplerini we maglumatyny iberýäris.

Başga maglumaty siziň kuki we enjam ID-leriňize baglaýarys. Kuki we enjam ID-leriňiziň üstüne awtonomda satyn alýan önümleriňiz barada maglumat ýa-da saýtlarymyzda hasap döredýärkäňiz gönümel berýän maglumatyňyz ýaly başga maglumatyň hem goşulmagy mümkindir. Biz umuman muny siziň kimdigiňizi gönümel anyklatmaz ýaly görnüşlerde amala aşyrýarys. Meselem, bir adamyň websaýt girişleri, ýaşy, jynsy we söwda ediş endikleri esasynda ID ABC12345 belgili kukiniň päki muşdaklary toparyna degişlidigini bilip bileris, ýöne ol adamyň adyny ýa-da salgysyny ýa-da onuň adam hökmünde kimdigini anyklatjak beýleki maglumaty bilmeris. Eger siziň kuki ýa-da enjam maglumatyňyzy (internet we goýma görüş taryhy) şahsy taýdan anyklajak bolan ýagdaýymyzda, şeý etmezden ozal hemişe siziň özüňizden sorarys.

Sizi ähli kompýuterleriňizde, planşetleriňizde, telefonlaryňyzda we enjamlaryňyzda bilmegimiz mümkin. Biziň ID ABC12345 kukiniň ID EFG15647 enjam belgili mobil telefonyň eýesi bolan şol bir adama ýa-da hojalyga birigen bolmagy mümkin kompýuterden gelýändigini bilmegimiz mümkindir. Ýagny, noutbugyňyzda arlyk gözläp, biziň sponsorlyk edýän Google gözleg netijämiziň bagyna bassaňyz, soň mobil telefonyňyzda biziň Pampers® brendli arlyklarymyz barada mahabat gözüňiz düşmegi mümkin. Meselem, her gün şol bir wagtda şol bir Wi-Fi toruna hasaba girýändigi sebäpli, biziň kompýuter bilen telefonyň eýesiniň şol bir adamdyr diýip hasap edip ýa-da netije çykaryp bilýäris. Bir adamyň ýa-da hojalygyň nähili enjamlary ulanýandygyna düşünmeklik siziň ähli enjamlaryňyzda şol bir mahabaty näçe gezek görjegiňize çäk goýmaga mümkinçilik berýär. Bu örän wajyp, sebäbi, şeýlelik bilen sizä şol bir mahabatlary spamlap bimaza etmegimizden gutulýarsyňyz, biz bolsak, siziň almak islemeýän mahabatyňyzy gaýtalap, oňa biderek pul tölemekden dynýarys.

Gyzyklanma-esasly mahabatlary almagy nähili bes edip bilersiňiz. P&G gyzyklanma-esasly mazamlamany almagy bes etmek üçin, şu ýere ýa-da bir saýtymyzdaky ýa-da bir mobil goýmamyzdaky WebChoices ýa-da AppChoices şekiljiklerini basyp bilersiňiz. Brauzer(ler)iňizde kukileri ret etmek, şol goýmalary gurnaýan wagtyňyz olaryň köplenç soraýan "maglumata giriş rugsadyny" ret etmek ýa-da enjamyňyzda mahabat yzarlama sazlamalaryny sazlamak arkaly hem, websaýtlarda gyzyklanma-esasly mahabatlaryň görkezilmeginiň öňüni alyp bilersiňiz.

Siz gyzyklanma-esasly mahabatlary almagy ret etseňiz-de, "kontekstleýin" mahabatlary görmäge dowam edersiňiz. Size gyzyklanma-esasly mahabatlary ibermegi bes etsek hem, siz öz kompýuteriňizde ýa-da mobil enjamlaryňyzda biziň brendlerimizden mahabatlary almaga dowam edersiňiz. Ýöne, ol mahabatlar girýän saýtlaryňyzyň kontekstine esaslanýar we olara kontekstleýin mahabatlar diýilýär. Mobil telefonyňyzda ýa-da kompýuteriňizde görmek işjeňlikleriniň çäginde girýän sahypalaryňyza esaslanýan gyzyklanma-esasly mahabatlaryň tersine, kontekstleýin mahabatlar şol pursat girip duran belli bir saýtyňyzyň kontekstine esaslanýar. Meselem, çaga idetmek baradaky önümleri onlaýn görüp oturan wagtyňyz, biziň çaga idegi baradaky bir brendimiziň mahabatyny görmegiňiz mümkin, sebäbi şol saýtlara, köplenç halatda, täzelikde çagasy bolan ýa-da indi bolmaly ene-atalar gelip görýärler. Siz şuny hem bilmeli, ýagny biz kompýuteriňizden ýa-da enjamlaryňyzdan maglumat ýygnamaga dowam edip, şeýle hem, ony öz websaýtlarymyzyň işleýşine baha bermek, müşderi ideg-gözlegini geçirmek ýa-da galplygyň anyklamak ýaly başga maksatlar üçin ulanyp bileris.

Kukileri ýoklasaňyz, almagy ret etmek baradaky görkezmäňiz-de ýoklanylýar. Gyzyklanma-esasly mazamlama almagy ret etseňiz, almagy ret etmek baradaky kukini brauzeriňize iberýäris, ol bize siziň indi bizden gyzyklanma-esasly mahabatlary almak islemeýändigiňizi aýdýar. Ähli kukileri ýoklamak barada karara gelseňiz, almagy ret etmek baradaky kukiňiz hem ýoklanylar. Ýagny, eger şonda-da gyzyklanma-esasly mahabatlary almagy islemeýän bolsaňyz, siz almagy ret etmegi täzeden ýerine ýetirmeli bolarsyňyz.

ÝB-niň çäginde maglumat işlemek, saklamak we geçirmek

Bu bölüm diňe ÝB ýurtlarynyň rezidentleriniň şahsy maglumatlaryny işlemegimize degişli bolup durýar. Ol Maglumatlary goramak baradaky umumy reglamentiň harpyna we ruhuna laýyklykda, biziň ÝB-niň rezidentleriniň şahsy maglumatyny işlemegimiz, saklamagymyz we geçirmegimiz babatynda has köp aç-açanlygy üpjün etmekligi maksat edinýär.

Guramalar. Dürli P&G guramalary siziň şahsy maglumatyňyzy dolandyryjylar bolup biler. Maglumat dolandyryjysy diýlip, maglumaty işlemek işjeňligini ugrukdyrýan we maglumatlar üçin esasy jogapkär bolup durýan gurama aýdylýar. Aşakdaky tablisada ÝB ýurtlaryndaky maglumatyň maglumat dolandyryjylary görkezilýär. Meselem, biziň bir fransuz (.fr) websaýtymyzda e-poçta üçin bellige alynsaňyz, şol ýurduň adynyň deňinde görkezilýän P&G guramasy şol şahsy maglumatyň dolandyryjysy bolup durýar (mes. Procter & Gamble France SAS (LE 577).

Ýurtlar

Maglumat barlaýjy

Awstriýa

Procter & Gamble Austria – Zweigniederlassung der Procter & Gamble GmbH

Bolgariýa

Procter & Gamble Bulgaria EOOD

Rumyniýa

Bäsleşikler üçin: Procter & Gamble Distribution SRL

Başga saýtlar üçin: Procter & Gamble Marketing Romania SR

Polşa

Procter and Gamble DS Polska sp z o.o.

Belgiýa

Procter & Gamble Distribution Company (Europe) BVBA

Çehiýa

Procter & Gamble Czech Republic s.r.o.

Wengriýa

Procter & Gamble RSC Regionális

Slowakiýa

Procter & Gamble, spol. s.r.o.

Horwatiýa

Procter & Gamble d.o.o. za trgovinu

Fransiýa

Procter & Gamble France SAS/Procter & Gamble Pharmaceuticals France SAS"

Germaniýa

Procter & Gamble Service GmbH

Gresiýa

P&G Hellas Ltd.

Irlandiýa

Procter & Gamble UK

Italiýa

Procter & Gamble Srl

Niderlandlar

Procter & Gamble Nederland B.V.

Portugaliýa

Procter & Gamble Portugal, Productos de Consumo Higiene de Saude, S.A.

Ispaniýa

Procter & Gamble España, S.A.

Birleşen Patyşalyk

Procter & Gamble UK

Sanawda görkezilmeýän ÝB ýurtlary

Procter & Gamble International Operations SA

Işlemek we saklamak. Umumy kada hökmünde, biz maglumatyňyzy ony näme maksat bilen ýygnan bolsak, diňe şol maksady tamamlamak üçin gerek bolan ýa-da kanun tarapyndan talap edilýän döwrüň dowamynda saklaýarys. Siziň talaplaryňyzy berjaý etmek, şol sanda sizi marketing e-poçtalaryna ibermän saklamaga dowam etmek ýa-da kanuny ýa-da başga borçlary ýerine ýetirmek maksady bilen, siziň maglumatyňyzy öz görkezen saklaýyş möhletlerimizden has uzak saklamaly bolmagymyz mümkindir. Bu tablisada öz ýygnaýan maglumat görnüşlerimiz, olary näme maksatlar bilen ulanýanymyz, şol ulanmaklaryň näme sebäpli kanuna laýyk gelýändigi (kanuny esasy), şeýle hem, olary adatça näçe wagtlap saklaýandygymyz (saklaýyş döwri) barada maglumaty size görkezýäris.

Maglumat görnüşi

Bu maglumaty näme üçin ýygnaýarys

Kanuny esas

Saklaýyş döwri

Marketing

E-poçta, ady, telefon belgisi, poçta salgysy, halaýan zatlaryňyz, gyzykýan zatlaryňyz, hünäriňiz, endikleriňiz, satyn alýan zatlaryňyz, ýükleýän fotosuratlaryňyz ýa-da wideolaryňyz, çagalaryňyz we öýüňiz barada maglumat, maşgala düzümiňiz, hojalykdaky maşgala sanyňyz, saç görnüşiňiz, ten görnüşiňiz, halaýan ysyňyz, eldeki haýwanyňyz barmy-ýokmy we ş.m.

Size öz önümlerimiziň ýa-da hyzmatlarymyzyň, ýa-da hyzmatdaşlarymyzyň önümleriniň ýa-da hyzmatlarynyň marketing mazmuny ibermek üçin.

E-poçta we SMS üçin razylygyňyz, şeýle hem, alýan bolsak, poçta üçin razylygyňyz. Başga islendik zat üçin kanuna laýyk bähbitler.

Şahsy maglumaty ýoklamagy haýyş edýänçäňiz ýa-da razylygyňyzy yzyna alýançaňyz. Eger beýle zat haýyş etmeseňiz, şahsy maglumatlar şu aşakdaky grafika laýyklykda ýoklanylar:

e-poçta: ähli kanallarda <50 aý işjeňsizlik bolsa. Biz işjeňsizligi birnäçe içerki kriteriniň üsti bilen kesgitleýäris.

SMS: ähli kanallarda <50 aý işjeňsizlik bolsa. Biz işjeňsizligi birnäçe içerki kriteriniň üsti bilen kesgitleýäris.

poçta salgysy: ähli kanallarda <50 aý işjeňsizlik bolsa. Biz işjeňsizligi birnäçe içerki kriteriniň üsti bilen kesgitleýäris.

Bäsleşikler

E-poçta, ady, telefon belgisi, kämahal başga maglumat.

Bäsleşige gatnaşyjylara bäsleşik barada maglumat bermek, şol sanda bäsleşigiň ýeňijisini (ýeňijilerini) yglan etmek üçin.

Razylygyňyz.

24 aý, eger ýerli kanunçylyk has uzak saklamagy talap etmeýän bolsa.

Önüm satyn alyşlar

E-poçta, ady, telefon belgisi, töleg maglumaty (şol sanda bank hasaby IBAN ýa-da Paypal rekwiziti), kämahal başga maglumat.

Önümlerimizi satyn alyşlaryňyzy, käşbäk tekliplerini ýa-da kepillikleri işlemek we size şol satyn alyş bilen baglanyşykly dahylly aragatnaşyklary ibermek üçin.

Razylygyňyz.

Sargydyňyz ýerine ýetirmek we sargydyňyz baradaky aragatnaşyklar bilen yzyny idemek zerur boldugyça, eger ýerli kanunçylyk has uzak saklamagy talap etmeýän bolsa. Umuman, biz maglumaty käşbäk teklipleri üçin 24 aý, kepillikler üçin bolsa, 10 ýyl möhlet bilen saklaýarys.

Bize ýüz tutuň

E-poçta, ady, telefon belgisi, kämahal başga maglumat.

Soraglaryňyzy kanagatlandyrmak we olaryň yzyny talabalaýyk idemegimizi gazanmak üçin ýa-da kanunçylyk ýa-da P&G syýasaty tarapyndan talap edilýän görnüşde.

Müşderi soraglaryny dolandyrmakdaky kanunalaýyk biznes bähbidimiz, şeýle hem, käbir islenilmeýän hadysalar ýüze çykanda ýygnalmagy mümkin bolan ýörite kategoriýaly maglumat üçin öz razylygyňyz.

Soragyň tebigatyna, biziň maglumaty işlemekdäki kanunalaýyk bähbitlerimize we öz kanuny borçlarymyza baglylykda, 0 bilen 10 ýyl aralygy.

Gözleg

E-poçta, ady, telefon belgisi, salgy, kimdigiňi anykladýan fotosuratlar ýa-da wideolar, kämahal başga maglumatlar.

Öz önümlerimizi gowulandyryp we müşderilerimiziň durmuşyny ýeňilleşdirip bilerimiz ýaly, öz önüm ideýalarymyzy synamak we ileri tutmalaryňyz hem-de iş edähetleriňiz barada öwrenmek üçin.

Razylygyňyz.

Substantiw kliniki ylmy-barlagyň çäginde ýygnalan şahsy maglumatlary olaryň öz ýygnalan maksady üçin bize zerur bolan möhletiň dowamynda we/ýa-da ýerli kanunçylyk ýa-da reglament tarapyndan saklamaklyk talap edilýän möhletiň dowamynda (ol 25 ýyla çenli bolup bilýär) saklarys. Kliniki däl ylmy-barlag barada aýdylanda, biz substantiw şahsy maglumaty maksimum 5 ýyllap saklarys. Siziň habarym bar diýip gol çeken razylyk bermek baradaky resminamalaryňyzy saklarys

Media arkaly ýörite gönükmek

Mazamlama kukileri, enjam ID-si, şeýle hem, jyns we ýaş ýaly demografik maglumatlar, sahypa görüşler ýaly edähet maglumaty we kämahal beýleki maglumat.

Internet gyzyklanmalaryňyzy bilmek we size iberýän mahabatlarymyzy laýyklamak üçin.

Size dahylly mazamlama bilen üpjün etmekdäki kanunalaýyk biznes bähbitlerimiz. Öz websaýtlarymyzda kukileriň işe girizilmegi üçin sizden razylyk alarys.

Biz bu maglumaty ýygnaýan senämizden başlap on üç aý möhlet bilen ýa-da almagy ret edýänçäňiz (haýsysy öň bolsa, şoňa çenli) saklarys.

Maglumatyňyzyň başga ýurtlara geçirilişleri. Şahsy maglumatyňyzyň öz ýygnalan ýurdundan, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan başga ýurda geçirilmegi, onda saklanylmagy we işlenilmegi mümkindir. Meselem, belli bir maglumat binýadynyň hosting edilýän ýeridigi sebäpli, maglumatyňyzy ABŞ-daky bir serwerde saklamagymyz mümkin; we bir marketingçimiz size önüm nusgalygyny ibermek üçin şol maglumata Şweýsariýadan girende, olaryň gaýtadan "geçirilmegi" mümkindir. Biz maglumatyňyzyň goralmagyny üpjün etmek üçin, P&G guramalarynyň öz aralaryndaky, şeýle hem, P&G bilen öz hyzmat üpjün edijilerimiziň arasyndaky şol geçirişleri ÝB-niň düzgünleşdirijileri tarapyndan deslapky ylalaşylan şertnamalaýyn goraglar (model şertnama maddalary diýilýär) arkaly amala aşyrýarys. Siz geçiriş baradaky ylalaşygyň nusgasyny almak isleseňiz, bize ýüz tutuň.

Saýt we goýma mazmuny

Modullar. Websaýtlarymyzda sosial torlar ýaly başga kompaniýalardan modullar bar bolup biler. Şeýle modula mysal hökmünde Facebook-yň "Laýk" düwmesini görkezmek bolar. Ol modullaryň maglumat (mes. giren sahypaňyzyň URL-si) ýygnamagy we ol maglumaty özlerini döreden kompaniýa ibermegi mümkindir. Onuň siz modulyň üstünden basmasaňyz hem bolup geçmegi mümkindir. Ol modullar biziň saýtlarymyzda görünýän-de bolsa, olar özlerini döreden kompaniýanyň gizlinlik syýasaty we şertleri tarapyndan düzgünleşdirilýär. Ol modullar wajyp-däl kukiler bolup, biziň ÝB saýtlarymyzda diňe kukileri kabul eden ýagdaýyňyzda işleýärler.

Ulgama girişler. Websaýtlarymyz başga kompaniýadaky hasabyňyz bilen ulgama girmegiňize mümkinçilik berip biler (mes. "Facebook bilen ulgama gir"). Şeýle edeniňizde, ulgama girmek üçin ulanýan, başga kompaniýadan alan hasabyňyzdaky hasap sazlamalaryňyzdan, diňe almagymyza razylyk beren maglumatyňyza girişimiz bolar.

Ulanyjy mazmuny. Käbir saýtlarymyz we goýmalarymyz size öz bäsleşik mazmunyňyzy, bloglaryňyzy, wideolaryňyzy we beýleki funksiýalary ýüklemäge rugsat berer. Ýatdan çykarmaň, tabşyrýan ýa-da onlaýna iberýän islendik maglumatyňyz köpçülige açyk maglumata öwrülýändir. Saýtlarymyza we goýmalarymyza tabşyrýan mazmunyňyzy başga adamlaryň nähili ulanmagyny mümkindigi babatynda biziň gözegçiligimiz ýokdur. Biz şu gizlinlik syýasatyny, kanunçylygy ýa-da şahsy gizlinligiňizi we howpsuzlygyňyzy bozmagy mümkin bolan şeýle ulanyşlar üçin jogapkärçilik çekmeýäris.

Baglar. P&G saýtlarynda başga saýtlara eltýän, biz tarapyndan gözegçilik edilmeýän baglaryň bolmagy mümkindir. Ol saýtlar, biziň däl-de, özleriniň gizlinlik syýasatlary we şertleri tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Çagalaryň gizlinligi

Çagalaryň onlaýn gizlinligi baradaky kanunlar. Biz onlaýnda çagalardan şahsy maglumat ýygnanymyzda maglumaty goramak baradaky ähli degişli kanunlary berjaý edýäris. Meselem, biz ÝB-de, ene-atadan razylyk almasak, 16 ýaşy dolmadyk çagalardan şahsy maglumaty ýygnamaýarys. Edil şonuň ýaly-da, biz ABŞ-da 13 ýaşdan kiçi çagalardan şahsy maglumaty ýygnanymyzda ene-atadan tassyklanylan razylyk alýarys.

Kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin Kaliforniýa ştaty boýunça bildiriş. Biziň 18 ýaşy dolmadyk ýetginjekleriň öz materiallaryny (mes. wideolar, teswirler, ýagdaý täzelemeleri ýa-da suratlar) ýüklemegine mümkinçilik berýän interaktiw hyzmatlary hödürlemegimiz mümkindir. Ol mazmun saýtlarymyzdaky görkezmeleri berjaý etmek bilen islendik wagt aýryp ýa-da ýoklap bolýar. Ony nähili ýerine ýetirmelidigi barada soraglaryňyz bar bolsa, bize ýüz tutuň . Habardar boluň, şol onlaýna iberilen mazmunyň başga adamlar tarapyndan göçürilen, başga ýere ugradylan ýa-da başga bir ýerde onlaýna iberilen bolmagy mümkindir we biz şeýle hereketleriň hiç biri üçin jogapkärçilik çekmeýäris. Şeýle halatlar ýüze çykanda, siz başga saýt eýelerine ýüz tutup, mazmunyňyzyň aýrylmagyny haýyş etmeli bolarsyňyz.

Bize ýüz tutuň

Öz gizlinligiňiz we biziň maglumat goragy boýunça iş düzgünlerimiz barada islendik soraglar ýa-da aladalar üçin, gönümel bize ýüz tutuň .